TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Halkara sergiler býurosynyň ýurdumyz bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady we halkara giňişlikde Türkmenistanyň sergileri guramakda ýokary derejä ýetendigini belledi....
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bouygues» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bouygues» kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de bu ýerde gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerine, binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklaryna degişli taslamalar we gurluşygy dowam edýän desga...
Türkmenistanyň Prezidenti «CARPI Tech» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «CARPI Tech» kompaniýasynyň baş direktory Fransua Troneli we kompaniýanyň hormatly prezidenti Alberto Maria Skuerony kabul etdi. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Kompaniýanyň ýolbaşçylary ak mermerli Aşgabada ilkinji gezek gelip, onuň ajaýyp keşbine haýran galýandyklaryny we baýram...
TÜRKMENISTANYŇ ÇÖL EKOULGAMLARYNYŇ ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNA GOŞULANDYGY BARADA
2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýerajy” täsin çöl ekoulgamlary Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan bilelikde hödürlenýän “Turanyň sowuk gyş çölleri” transmilli nominasiýasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişe...
“ÝÜPEK ÝOLY: ZEREWŞAN-GARAGUM GEÇELGESI” ATLY DESGA ÝUNESKO-NYŇ BÜTINDÜNÝÄ MIRASYNYŇ SANAWYNA GIRIZILDI
2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde (ii), (iii) we (v) kriteriýalara laýyklykda, Bütindünýä mirasynyň sanawyna “Ýüpek ýoly: Zerewşan-Garagum geçelgesi” atly desgasyny goşmak kararyna gelindi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Täjigistanda, Türkmenistanda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ PREZIDENTINIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorka iş saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns berilýän ekologik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we ABŞ-ny...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÇYKYŞ ETDI
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz...