SOŇKY HABARLAR
ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK BARADA
2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özarabähbitli we deňhukukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy boýunça meseleler barada maslahat edildi. Gepleşikleriň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada belle...
DUŞENBEDE TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 8-9-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna sapary boldy. 8-nji martda iki ýurduň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi, onuň çäklerinde strategiki häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler iki ýurduň we ha...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara Zähmet Guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mynasyp zähmet boýunça tehniki ýardam beriş edarasynyň, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar. Türkmenistanyň bu ha...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Baku şäherinde duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu sammite gatnaşmaga çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutany şu günki duşu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ COVID-19 BILEN GÖREŞMEK BOÝUNÇA ARAGATNAŞYK TOPARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşdy. Ýokary derejeli duşuşyga döwlet we hökümet baştutanlary, dürli ýurtlaryň we iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň we beýle...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 1-2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň Mejlisiniň, daşary işler, adalat we içeri işler ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekillerinden ybarat. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Raýat we syýasy hukular hakynd...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ASTANADA «C5+1» FORMATDAKY MEJLISINE GATNAŞMAGYŇ ÇÄGINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYKLARY
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, «C5+1» formatdaky mejlisiň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Gazagystanyň doganlyk ýurtlardygyny, iki tarapyň arasyndaky iň ýokary derejedäki işjeň gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini doly görkezýändigi nygtaldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Ser...