SOŇKY HABARLAR
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan gelen telekeçiler nah ýüplük we mata, reňksiz aýna satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 266 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 528 müň manatlykdan gowrak...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY BUHARESTDE MEDENIÝETARA FESTIWALA GATNAŞDY
29-njy fewralda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde her ýyl geçirilýän «Bahary garşy alýarys» atly festiwal gurady. Çäre Buharestde, Russiýanyň ylym we medeniýet merkezinde guraldy, oňa gatnaşan her ýurt öz milli stendini görkezdi. Rumyniýanyň dürli edaralarynyň we diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Buharestiň ýaşaýjylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, rumyn paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan tü...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda: Türkmenistanyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri; Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary b...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümi tassyklanyldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ MARYDA SADAKA BERDI WE MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISINI GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde — Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Mara tarap ugrady. Sebitiň merkezi şäheriniň howa menzilinde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyz şäher...
DIM-DE «ÝAŞYL MERKEZI AZIÝA» MASLAHATYNYŇ WE DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB-MA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA SEMINAR GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Ýaşyl Merkezi Aziýa» ýokary derejeli Maslahatynyň we daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB-MA iş toparynyň 9-njy mejlisiniň jemleri boýunça seminar geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar Akademiýasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçileri g...
MANISANYŇ JELAL BAYAR UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy (Аnkаrа ş.) wе Bаş kоnsullugy (Stаmbul ş.) tаrаpyndаn Manisa welaýatynyň Jelal Baýar uniwersitetinde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat we dabaraly çäre geçirildi. Geçirilen çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary we mugallymlary, bilim alýan türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar, Manisa welaýat Medeniýet müdürliginiň, dürli ylmy edaralaryň we jemgyýetçilik guramal...