TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DAŞOGUZLY PAGTAÇYLAR GOWAÇA EKIŞINE GIRIŞDILER
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, ekişe ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk girişýän Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaça ekişine başladylar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular ekişe ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny, milli Liderimiziň janynyň hemişe sag, ömrüniň uzak bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, gowaçanyň ilkinji tohumlaryny topraga taşladylar we soňra meh...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 542 müň dollary bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 668 müň manatlyk “Türkmengaz...
ATAJAN AŞYROWYŇ 80 ÝAŞYNYŇ DOLMAGY MYNASYBETLI SERGI: ŞATLYK PAÝLAÝAN NAKGAŞ
Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurdumyzda iň şadyýan nakgaş, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri 80 ýaş toýuny toýlaýan Atajan Aşyrowyň işleriniň sergisi açyldy. Sergä gelenleriň arasynda ýekeje-de tutuk adam ýok. Bu ýere degişmäni halaýan we žiwopisçiniň wäşi döredijiligine sarpa goýýanlar gelipdirler. Atajan Aşyrowyň işleri aforizme we metafora ýugrulan. Onuň döredijiligine mahsus bolan ýarym tonlar, grotesk nygtalmalar we görer göze ýeňillik gysby ýordumlara giňişleýin düşünmäge ýar...
SPANBONDDAN MELTBLAUNA ÇENLI: TÜRKMENISTANDA ISLEGLI DOKALMAÝAN MATERIALLAR ÖNDÜRILÝÄR
?Тürkmen senet» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup täze görnüşli dokalmaýan material – spanbond çykarmagy özleşdirdi. Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda telekeçiler ýylda 2500 tonna golaý önüm çykarmaga niýetlenen zawod gurdular. Çig mal hökmünde ýurdumyzda öndürilýän polipropilen ulanylýar. Ol aýratyn – dokma usuly ulanmazdan filýer usulda matada süýümleriň has dykyz ýerleşmegini gazanmaga mümkinçilik berýär. -Filýer usuly polimer ergininden alynýan sapaklary ýa-da süýümleri şol b...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ BAŞ METJIDINDE SADAKA BERDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Daşoguzyň howa menzilinden şäheriň günorta-günbatar böleginde — owadan Görogly köçesiniň ugrunda gurlan metjide tarap ugrady. Bu uzyn ýoluň ugrunda Daşoguzyň binagärlik keşbini bezeýän beýleki ajaýyp desgalar, şol sanda Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň ak mermerli binasy hem-de Ruhyýet köşgi ýerleşýär....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde doganlyk ýurt bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigini bellediler, munuň özi hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça öz wagtyn...
TÜRKMEN SELMELEGI: MÜŇÝYLLYKLARYŇ SYRY
Köpetdagda, Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ady rowaýata öwrülen selmelek gülledi. Selmelegiň jadyly sypatlary barada dürli rowaýatlar döredilipdir. Ösümligiň köki tumar diýlip, ony edinenleriň durmuşy bagtly bolýarmyş diýen ynanç bolupdyr. Ol nusgawy edebiýatda-da ýatlanylýar. Mysal üçin, Uilýam Şekspiriň «Otello» tragediýasynda selmelek peti agzalýar. Ýaş nesliň wekilleri bolsa Joan Roulingiň Garri Poter hakda kitaplar tapgyryndan selmelek barada bilýändirler. «Dogrudanam selmelegiň jad...