TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
«ТÜRKMENNEBIT» DK-NIŇ WE «ТATNEFT» JPJ-NIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI
Şu gün, 8-nji aprelinde «Türkmennebit» Döwlet konserniniň edara binasynda «Таtneft» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen wideomaslahat geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça Geňeşçisi Ý.Kakaýew ýolbaşçylyk etdi we «Таtneft» JPJ-ne Jemgyýetiň baş direktory N.Maganow wekilçilik etdi. Şeýle-de gepleşiklere Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda «Türkmennebit» DK-niň we «Таtneft» JPJ-niň wekilleri hem gatnaşdylar. Onlaýn...
SALAM, AK GÄMI, ÝA-DA ÇINGIZ AÝTMATOWYŇ POWESTI AŞGABAT SAHNASYNDA
Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» powesti esasynda täze oýun sahnalaşdyrdy. ...Spektaklyň wakalary ejesi bilen kakasy aýrylyşandan soň awçynyň kömekçisi bolup işleýän atasynyň elinde galan mähirli we mylaýym ýedi ýaşly oglanjygyň ýaşaýan owadan jülgesinde bolup geçýär. Awçy Orazkul arak içip ömrüni köýdürýän hem-de oglanjygyň ejekesi, öz aýaly Bekeýi we töweregindäkileriň baryny çagasy bolmaýandygy üçin ýigrenýän zulumkeş adam. Bu maşgalanyň durmuşy ejiz, p...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI BELLENILDI
Şu gün Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler geçirildi. Irden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine baryp gördi. Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda milli maksatnamalarymyzy we...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Biz ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçýäris. Sizi sagdynlygy we ruhubelentligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň ruhubelentligiň, ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurduna öwrülen Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimi...
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINIŇ DABARALANMAGY
1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir, hut 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi, häzirki wagtda dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar. Düýn “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky goýberilişinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlady...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy. Türkmen tarapy bu maglumatlaryň nädogrudygyny hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklaýar. Şunlukda indikileri aýratyn bellemek zerurdyr, ýagny çärýek asyrdan gowrak wa...
“TÜRKMENHOWAÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ WE KAZANYŇ DIKUÇAR ZAWODYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY GEPLEŞIKLER
2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan dikuçar zawodynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow, tatar tarapyna bolsa Kazanyň dikuçar zawodynyň dolandyryjy direktory Ýu.Pustowgarow ýolbaşçylyk etdi. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyk...