SOŇKY HABARLAR
ULAG ULGAMYNDA TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýollary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi. Türkmen tarapyna “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow ýolbaşçylyk etdi. Owgan tarapyna bolsa Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň baş direktory Mohammad Ýamma Şams ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynd...
WECOOP “ÝEWROPA BILELEŞIGI - MERKEZI AZIÝA: DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI” TASLAMASYNYŇ SEBITLEÝIN ÝOLBAŞÇYLARY BILEN WIDEO KONFERENSIÝA
2020-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda WECOOP “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa: daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi pudagyndaky hyzmatdaşlyk” atly taslamasynyň sebitleýin ýolbaşçylary bilen wideo konferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Suw dolandyryş döwlet komitetiniň hünärmenleri wekilçilik etdiler. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi hakyndaky Düzgünnama hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň hal...
KONSTITUSION TOPARYŇ ÝANYNDAKY IŞ TOPARYNYŇ MASLAHATY
Şu gün Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanynda döredilen Iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Düzümine Milli Parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, alymlar, şeýle...
WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY TÜRKMEN-UKRAIN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edralarynyň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideo aragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-ukrain gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Ş...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSG BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ IŞJEŇLEŞDIRILMEGI BOÝUNÇA NOBATDAKY MEJLIS GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda geçen mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işler...