RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
22 Apr

BMG-NIŇ HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULYŞMAK BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna goşulmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Duşuşyga şeýle-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Gurluşyk we binagärlik, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de beýleki pudaklaýyn edaralarynyň wekille...

DOWAMY
pic
22 Apr

TÜRKMENISTANYŇ — BITARAPLYGYŇ MEKANYNYŇ DAŞARY SYÝASATY

Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň şu ýyl çapdan çykan ilkinji sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata aýratyn orun berdi. Abraýly guramalaryň wekilleri çagyrylan şol iri maslahat «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şyg...

DOWAMY
pic
21 Apr

“DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY

Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir okyjylara döwlet durmuşynyň hem-de ählumumy gün tertibi boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýän makalalary hödürleýär. «Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň hukuk üpjünçiligi» diýen makalanyň awtory amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň we hormatly Prezidentimiz Gurbangu...

DOWAMY
pic
21 Apr

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde halypa çapyksuwarlaryň arasynda Lebap atçylyk sport toplumynda geçiriljek at çapyşygynyň ýeňijisini hem-de 2020-nji ýylyň 25-nji aprelinde geçirilje...

DOWAMY
pic
21 Apr

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary Atabaýewa Aknabat Orazmyradowna berk käýinç yglan edildi.

DOWAMY
pic
21 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.Geldimyradow hakynda Hojamyrat Geldimyradowy Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 21-nji apreli. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.J.Ataýewa hakynda Sülgün Jumageldiýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly. Türkmenista...

DOWAMY
pic
20 Apr

TÜRKMENISTANYŇ HHR-DAKY ILÇIHANASY WIDEO-ARAGATNAŞYGY ARKALY UZAK ARALYKDAN SPORT BÄSLEŞIKLERINI GEÇIRDI

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy ýaşlaryň arasynda sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen HHR-da ýaşap bilm alýan türkmen talyplary üçin wideo-aragatnaşygy arkaly uzak aralykdan sport bäsleşiklerini geçirdi. 19-njy aprelde ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri, olaryň maşgala agzalary, şeýle hem Hytaýyň dürli şäherlerindäki türkmen talyplary welosiped marafony, ylgamak, badminton, woleýbol, küşt, f...

DOWAMY