img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Apr

MILLI LIDERIMIZ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNDAKY DABARALARA GATNAŞDY

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýyl geçirilýän bäsleşik türkmen atlarynyň şöhratyna bagyşlanan esasy baýramçyl...

DOWAMY
pic
25 Apr

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝINIŇ SERGISINDE AHAL-TEKE BEDEWLERINIŇ WASPY

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Olaryň awtorlary atyň türkmeniň durmuşyndaky ähmiýeti barada şahyrana pikir ýöredýärler. Ahal-teke bedewleri milli sungatda erkinligiň, hyjuwyň, gaýratyň we gözelligiň metaforasy bolup çykyş edýär. «Asman» atlarynyň asylly ädim urşuna we nepis hereketlerine söýünçli bakman durup bolmaýar. Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýarly Baýramowyň «Köpetdagyň eteginde» atly suratyn...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZYŇ MERKEZINDÄKI SEÝILGÄH ZOLAGYNYŇ ABADANLAŞDYRYLYŞY BILEN TANYŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap barýarka, ýolugra wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde bina edilen behişdi bedewlerimiziň heýkeliniň abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we ahalteke atl...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan bu nurana aýda Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, türkmen halkyna abadançylyk hem-de rysgal-döwlet dileg edýärin. Hamad bin Isa Al Halifa, Bahreýniň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedo...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde we seýisçilik sungatyny ösdürmekde, at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usull...

DOWAMY
pic
24 Apr

ATÇYLYK PUDAGYNYŇ USSATLARYNY SYLAGLAMAK DABARASY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli pudagyň has tapawutlanan işgärlerine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak hem-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy boldy. Bu ýokary sylaglar we hormatly...

DOWAMY
pic
23 Apr

ÖZBEGISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINDE BILIM ALÝAN TÜRKMEN TALYPLARY UZAK ARALYKDAN SPORT BÄSLEŞIGINE GATNAŞDYLAR

23-nji aprelde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy ýurdumyzdan, şeýle hem Hindistandan hem-de Gyrgyzystandan Daşkendiň lukmançylyk akademiýasynyň Ürgenç şahamçasynda we Daşkendiň Muhammet Al-Horezmi adyndaky maglumatlar tehnologiýalary uniwersitetiniň Ürgenç şahamçasynda bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda kiçi futbol hem-de woleýbol boýunça uzak aralykdan sport bäsleşiklerini gurady. Türkmenistanyň hemişeik Bitaraplygy derejesini almagynyň 25 ýyllygyny baýram etmegiň çäkl...

DOWAMY