SOŇKY HABARLAR
TELEKEÇILERE WELAÝATLARDA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI» MERKEZLERINIŇ GURLUŞYGY YNANYLDY
Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Maslahata telekeçiler, paýtagtymyzdaky käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek baradaky kabul edilen çözgüdiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar halkymyzyň baý milli mirasyny gorap saklamak,...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BAŞLANGYJY BILEN MILLI ITŞYNASLYGYŇ DÖWREBAP DÜZÜMI DÖREDILÝÄR
Şu gün «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, türkmen alabaýlarynyň tohumynyň seçgisi boýunça işleri giňeltmek, alabaýlaryň özboluşly tohumyny aýawly saklamak we köpeltmek, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen döredilen birleşigiň öňünde durýan wezipeler girizildi. Soňra Änew şäherinde weterinariýa bejerişhanasynyň we öý haýwanlary saklanylýan toplumyň açylyş dabarasy boldy. Bu desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbangu...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY SYÝASY GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň orunbasary W.Hajiýew, türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça Baş müdirliginiň Direktory Ýönet Jan Tezel ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar ikitaraplaýyn türkmen-türk gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini hem-de halkara gu...
HAZAR DEŇZI – GARA DEŇIZ HALKARA ÜSTAŞYR WE ULAG GEÇELGESI BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dört taraplaýyn iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaş...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary H.Aliýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk onlaýn-görnüşinde geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde gorlary peýdalanmak we özarahereket etmek ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gepleşikleriň çäklerinde öň gazanylan ylalaşyklaryň çarçuwasynda iki ýurduň ara...
AZAT ANNAÝEWIŇ AKWAREL HEKAÝATLARY: SUNGAT TARYHÇYNYŇ ÇÖZI BILEN
Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň galereýasyndaky sergi sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Azat Annaýewiň döredijiligi bilen tanyşdyrdy. Akwarel usulynda çekilen manzarlar we natýurmortlar bu ýere gelenleri ýumşak reňk çalşygy bilen haýrana goýdy. -Azat hemmämizi, ozaly bilenem, meni akwarel suratlarynyň sergisi bilen geň galdyrdy – diýip Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow gürrüň berýär. – Şu güne çenli biz ony kärine ussat sungaty öwreniji hökmünde t...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony has hem pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet baştutanlary söwda, energetika, ulag we üstaşyr ýük da...