SOŇKY HABARLAR
PAÝTAGTYMYZDA HALKARA PUDAKLAÝYN SERGI-ÝARMARKA WE MASLAHAT GEÇIRILÝÄR
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň umumymilli baýramyna bagyşlandy. Bu iri pudaklaýyn gözden geçirilişi «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady. El hünäriniň ajaýyp milli nusgasynyň ykrar edilmeginiň we zehini hem-de ýadawsyz tagallasy arkaly gözelligi, inçeligi bilen dünýäde uly meşhurlyk gazanan halylary dokaýan ussat halyçylaryň çekýän asylly zähmetine...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI GUTLAGY
Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar! Çeper elli mähriban halyçylar! Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasynyň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XX mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Nepisligi we öwüşginli lowurdysy bilen dünýäni haýran edýän ajaýyp türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, umumadamzat medeniýetiniň ge...
TÜRKMENISTANYŇ RUMYNIÝADAKY ILÇIHANASY TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TEGELEK STOL GURNADY
2020-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň derejesiniň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bu möhüm çärä bagyşlanan tegelek stol çäresini we Rumyniýadaky türkmen talyplarynyň arasynda geçirilen surat çekmek boýunça bäsleşikde ýeňijilere baýrak gowşurmak dabarasyny geçirdi. Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetine ünsi çekip, şu ýylyň 11-12-nji dekabr aralygynda T...
GAZAGYSTANDA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI WIDEOŞEKILLI MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Gazagystanyň M.Auezow adyndaky döwlet uniwersiteti bilen 2020-nji ýylda ýurdumyzda we tutuş dünýäde giňden bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli wideoşekilli maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri hem-de M.Auezow adyndaky döwlet uniwersitetiniň professor-mugallyml...
BELARUS RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TELEKÖPRI ARKALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli teleköpri arkaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň rektory W.Welikanow, prorektory M.Potapenko, professor-mugallymlary hem-de akademiýada bilim alýan daşary ýurtly we türkmen talyplary...
TÜRKMEN-EÝRAN GÖZEGÇILIK-GEÇIRIŞ NOKATLARYNDA DESGALARYŇ GURULMAGY BILEN BAGLY IŞLER BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu desgalary işe girizmek boýunça Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň hünärmenleriniň bilelikdäki iş toparynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşar...
KIRIŞLI SAZ GURALLARY ORKESTRINIŇ ZEHINLI SAZANDALARY: GÜÝÇLI USSATLAR WE IDEÝALAR
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň konserti boldy. Tahyr Ataýewiň topary üçin maý aýynyň ahyry şanly waka bilen baglanşykly. Iki ýyl mundan ozal, 2018-nji ýylda hut şu sahnada orkestri döredilen güni bilen gutlapdylar. Gysga wagtyň içinde orkestr tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp ýetişdi. Tahyr Ataýew üstünligiň gözbaşyny üç ýagdaý – türkmen tomaşaçylarynyň nusgawy sazlara höwesiniň artmagy,...