TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistraturasynyň «Sanly dolandyryş» synag okuwynyň diňleýjilerine Hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan hem-de ornaşdyrylan gysga möhletli täze okuw maksatnamasy şu ýylyň mart aýynda badalga aldy. Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň 20-si okuwlaryň ilkinji di...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Şu gün Döwlet gümrük gullugynda onlaýn görnüşinde BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdiriýetiniň wekilleri bilen nobatdaky iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň birnäçesiniň işgärleri çagyryldy. Onda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele degişli düzümleriň wirusly ýokançlaryň ýaýramagyna garşy göreşmekde özara gatnaşyklarynyň çäreleri bilen bagly boldy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda aýratyn ýokanç kesellere...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHATLAR
Wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylarynyň Fransiýa Respublikasynyň «Medef International» telekeçiler assosiasiýasynyň baş sekretary hanym Žeraldin Lemble we bu guramanyň agzalary bilen duşuşygy boldy. «Medef Internationalyň» ýolbaşçysy iri fransuz kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň işewürligini ösdürmäge berýän ägirt uly goldawyny nazarda tutup, türkmen hyzmatdaşlary...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ LEBAP WELAÝATYNA IŞ SAPARY
Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda yzygiderli iş saparlarynda bolmak bilen, ýerlerde obasenagat toplumynyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, oba ýerlerinde zerur bolan ähli döwrebap dü...
PARLAMENT AGZALARY ÜÇIN COVID-19 KESELINE JOGAP HEREKETLERINE WE DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA BAGYŞLANAN GLOBAL ONLAÝN-MEJLIS GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly parlament agzalary üçin COVID-19 keseline jogap hereketlerine we Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan global onlaýn-mejlis geçirildi. Çäre Parlamentara Bileleşigi, BMG-niň Durnukly ösüş çözgütleri boýunça ulgamy hem-de Global maksatlara ýetmek boýunça parlamentariýler tarapyndan guraldy. Bu onlaýn-mejlisiň işine dünýäniň ähli sebitleriniň döwletleriniň parlament agzalary hem-de jemgyýetçilik saglygy, ykdysadyýet we beýleki...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ PARLAMENTARIÝLERINIŇ ÝHHG-NIŇ PA-NYŇ BAŞLYGY BILEN ONLAÝN MASLAHATLAŞMALAR GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 9-njy iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň başlygy G.Tsereteli bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaşmalary geçirildi. Onlaýn-sessiýada türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wekilçilik etdi. Mejlisde sebit meseleleri boýunça giňişleýin ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentariýleri ÝHHG-niň PA-sy bilen maksadalaýyk özarahereketleriň dowam...
TÜRKMENISTANYŇ FRANSIÝADAKY ILÇISI HALKARA ONLAÝN-DUŞUŞYGA GATNAŞDY
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Şöhrat Jumaýew COVID-19 pandemiýasy şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan onlaýn-duşuşyga gatnaşdy. Ony Fransiýanyň Ýewropada perspektiwalar we howpsuzlyk instituty gurady. Wirtual pikir alyşmalara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Parižde ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçiligiň we KHBS-niň wekilleri...