TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DAŞOGUZ WE BALKAN WELAÝATLARYNYŇ GALLAÇYLARY HEM BUGDAÝ ORAGYNA GIRIŞDILER
Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga 5-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen şu gün Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaý oragyna girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 29-njy maýda geçirilen mejlisinde ak pata berdi. Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etr...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edý...
TÜRKMEN-AMERIKAN SYN BERIJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi J.Hennik gatnaşdylar. Synyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň özarahereketleriniň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki...
HALKARA ENERGETIKA AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi edarasynda Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika sektorlarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatla...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ DAŞARY IŞLER WE HOWPSUZLYK SYÝASATY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fontelles bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri giçirildi. Duşuşygyň barşynda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Administratorynyň orunbasary we BMG-niň ÖM-nyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen uzakmöhletleýin hem-de netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Taraplar BMG-niň Ösüş Maksatnam...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygynyň nobatdaky tapgyry sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan we Owganystan Yslam Respublikasyndan ýokary derejeli diplomatlar, BMG-niň Baş...