SOŇKY HABARLAR
“HAZAR DEŇIZINDE GOŇŞUÇYLYK HYZMATDAŞLYGY BERKITMEKDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ OŇYN ORNY” ATLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň çarçuwasynda Astrahan oblastynyň we Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlarynyň hem-de professor mugallymlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Hazar deňizinde goňşuçylyk hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn orny” atly tegelek stol görnüşinde halkara wideokonferensiýa geçirildi. Tegelek stolyň maksady - Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary...
TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜRIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Şukriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Diplomatlar türkmen-müsür gatnaşyklary bilen bagly birnäçe derwaýys meselelere garadylar. Syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesi hem-de halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşygyň oňyn tejribesi bellenildi. Kärdeşler ýakyn geljekde iki ýurduň daşary işler ministrliklerin...
HÄZIRKI WAGTDA DAŞARY ÝURTDA BOLÝAN TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARY ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär. Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolm...
«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ONLAÝN GÖRNÜŞINDE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 19-njy mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu duşuşukda Türkmenistana birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdiler. ÝB-niň tarapyndan, mejlise Ýewropa w...
SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary, hususan-da ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklary gazandylar. Sö...
ТУРКМЕНСКИЕ ВОЕННОСЛУЖАЩИЕ ПРИНЯЛИ УЧАСТИЕ В ПАРАДЕ ПОБЕДЫ В МОСКВЕ
Сегодня на Красной площади в Москве состоялся военный парад в честь 75-й годовщины Победы в Великой Отечественной войне. Парад Победы должен был состояться 9 Мая, но был отложен из-за пандемии коронавируса. Дата - 24 июня - выбрана неслучайно: именно в этот день 75 лет назад в Москве состоялся легендарный Парад Победителей, которым командовал маршал Константин Рокоссовский, а принимал – маршал Георгий Жуков. … «Внимание, говорит и показывает Москва, слушайте и смотрите Красную площадь. В озна...
TÜRKMEN ALYMLARYNYŇ IŞLÄP TAÝÝARLAMALARY: POLAT BERKLIGI, HILI ÝOKARLANDYRYLAN BITUM WE SEMENT ... BRIKETLENEN ÝÜZÄRLIK
Mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň tehnologik esaslaryny işläp taýýarlamak – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleriniň ylmy barlaglarynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň kärhanalary bilen hojalyk-şertnama şertlerinde hyzmatdaşlyk edýän institutyň laboratoriýalary innowasion çözgütleri teklip edýärler. Ferrosilisiý-41 – ýerli çig maldan alnan ergin «Himiýa önümçiliginiň tehnologiýalary...