SOŇKY HABARLAR
ТУРКМЕНИСТАН-ООН: ДИАЛОГ В ЦЕЛЯХ УСТОЙЧИВОГО РАЗВИТИЯ
Итоговое совместное Заявление Международного форума, посвящённого теме финансирования реализации Целей устойчивого развития, проведённого по инициативе Туркменистана и под патронатом ООН 28 мая 2020 года, принято в качестве документа 74-й сессии Генеральной Ассамблеи Организации Объединённых Наций. Данный документ опубликован на шести официальных языках ООН и распространён среди стран-членов Сообщества Наций. Об этом Президента Гурбангулы Бердымухамедова в ходе состоявшегося 26 июня заседания...
ANKARADA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ HEYKELINE GÜL GOÝMAK DABARASY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy we 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany” diýlip yglan edilen ýylda bellenýän ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde ýerleşýän Türkmenistan seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Gül goýmak dabarasyna Türk...
AŞGABATDA «NEJEP OGLAN» OPERASYNYŇ PREMÝERASY BOLDY
Medeniýet hepdelig-2020-niň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Nejep oglan» operasynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ol adybir dessan boýunça sahnalaşdyrylyp, türkmen halk sazlary mekdebi hem-de öz ömrüni milli aýdym-saz däplerini saklamaga we öwrenmäge bagyşlan dessançy-bagşylar barada gürrüň berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Türkmen medeniýeti» diýen edebi işinde saz sungatynyň ägirt uly ähmiýetini...
UKRAINANYŇ PAÝTAGTYNDA MAGTYMGULYNYŇ GOŞGYLARY OKALDY
26-njy iýunda Kiýewde dünýä edebiýatynyň hazynasyna uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdylan bagda beýik dana türkmen şahyryna bagyşlanan dabara geçirildi. Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň guran çäresine Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ýokary Radasynyň deputatlary, Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýanyndaky «Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça baş direksiýanyň» ýolbaşçylary, jemgyýetçiligiň, telekeçilik düzümleriniň wekilleri, kowçum ýaş...
MEDENIÝET HEPDELIGI — 2020: BÄŞINJI GÜN
Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň zalynda ýurdumyzyň muzeýleriniň we döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işgärleriniň maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň 2011-nji ýylda gurlan bu iri muzeýi öz binagärlik keşbinde ajaýyp milli binagärlik däplerini jemleýär. Bu ýerde arheologiýa we etnografiýa sergileri, şekillendiriş sungatynyň galereýasy, tebigy gözelliklere he...
GALLA ORAGYNYŇ ÝOKARY DEPGINLERI
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde galla oragynyň depginleri barha güýçlenýär. 26-njy iýunda ýene-de ýedi etrap döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ahal welaýaty şu möwsümde öňdäki orunlary eýeleýär. Babadaýhan etrabynyň ekerançylary 58 müň tonnadan gowrak däne ýygnap, zähmet ýeňşi barada hasabat berdiler. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň Saýat etraby hem döwlet tabşyrygyny berjaý etdi. Çylşyrymly, emma sazlaşykly işleriň netijesinde etrabyň gallaçylary 4...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer degişli Konsepsiýada kesgitlenen wezipeleri çözmek bilen baglylykda, milli ykdysadyýete...