TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
GURLUŞYK PUDAGYNDA IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gurluşyk we gurluşyk materiallary pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça türkmen-rus gepleşikleri geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary M.Orazowyň ýolbaşçylygynda şol ministrligiň wekilleri gatnaşdylar. Rus tarapyna Sankt-Peterburg şäheriniň gurluşyk komitetiniň başlygy I.Kreslawskiý ýolbaşçylyk etdi, şeýle-de Sankt-Peterburgyň daşary aragatnaşyklar boý...
“HAZAR DEŇZI – GARA DEŇZI” HALKARA ULAG GEÇELGESINI IŞJEŇLEŞDIRMEK MESELELERI RUMYN TARAPY BILEN ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda “Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly rumyn tarapy bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary” “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Türkmen logistika Assosiasiýasynyň”, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri he...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň birnäçe welaýatlarynda bolup geçen giň gerimli suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözl...
YKDYSADYÝETI SANLYLAŞDYRMAK ÝURDUMYZY ÖSDÜRMEGIŇ MÖHÜM GURALYDYR
3-nji iýulda birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli Liderimiziň tassyklan, 2025-nji ýyla çenli niýetlenen Konsepsiýa amala aşyrylýar. Bu resminama pudaklary tehnologiý...
TÄZE ŞÄHERLERIŇ WE OBALARYŇ GURLUŞYGY WATANYMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ NYŞANYDYR
Ministrler Kabinetiniň 3-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine seredildi. Ol milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösýändiginiň hem-de ähli esasy pudaklarynyň durnukly ösüş derejesini saklaýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde esasy ugurlaryň birini eýeleýän gurluşyk ulga...
TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar üç döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Şu aýyň başynda Türkmenistanyň, Az...
GADYMY ÝÖRELGELERIŇ DÖWRAP KEŞBI
Aşgabadyň çeper halyçylyk kärhanansynyň täze binasy ulanmaga berilmäge taýýarlanylýar, bu ýerde ýylda 1650 inedördül metr haly we haly önümlerini çykarmak göz öňünde tutulýar, önümiň belli bir bölegi eksporta niýetlener. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda gurlan, 1948-nji ýylyň weýrançylykly ýer titremesinden soň dikeldilen ilkinji desgalaryň biriniň ýerindäki döredijilik-önümçilik meýdançasyny paýtagtymyzyň gurluşykçylary bina etdiler. Paýtagtymyzyň halyçylyk kärhanasynyň taryhy geçen asyryň...