SOŇKY HABARLAR
SANLY TÜRKMENISTAN DÜNÝÄ HABARLAR GIŇIŞLIGINDÄKI ORNUNY GIŇELDÝÄR
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy, häzirki zaman iş tejribesini öwrenmegi talap edýär. Şu talaplardan hem-de milli ösüş maksatnamalarynda kesgitlenilen degişli wezipelerden ugur alnyp, döwlet durmuşyny we pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň aýgytly ugry işlenilip düzülýär. Sanlylaşdyrmak we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak bu ugurda möhüm şert bolup durýar....
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI BERKIDILÝÄR
Ynsan saglygyny berkitmek adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanda saglyk ulgamyny, şol sanda sagaldyş-şypahana dynç alyş we sport ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň welaýatlarynda ajaýyp şypahanalar, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgul...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryny we egsilmez ruhy baýlygy özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, mübärek gurbanlyk günlerinde amal edilen tagat-ybadatlar, berlen sadakalar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň we merdana halkymyzyň abadançylygynyň, bütin adamzadyň bagtyýar hem-de parahat durmuşynyň hatyrasyna edilen doga-dilegler Gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Watansöýüjiligi, ga...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDATELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Birek-biregi Gurban baýramy bilen gutlap, iki dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlary türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşulary bilen dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN KATAR DÖWLETINIŇ EMIRI HYZMATDAŞLYGYŇ OŇYN GELJEGINI TELEFON ARKALY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de bu nurana baýramyň bütin dünýäde ösüşi, parahatçylygy dabaralandyrjakdygyna, raýdaşlygy berkitjekdigine ynam bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýo...
TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSÝÄR
2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa...
TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN ÖZARAGATNAŞYKLARYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda öz kärdeşini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy dostlukly azerbaýjan halkynyň bähbidine gönükdirilen işinde uly üstünlikleri we ýokary netijeliligi arzuw etdi. Ministrler şeýle-de Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy-diplomatik,...