SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG BILEN ÖZARAHEREKETLERI ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory Hans Klýuge bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny, hususan-da koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýaramagyna garşy göreş ulgamynda Türkmenistanyň we BSGG-nyň netijeli hyzmatdaşly...
PAÝTAGTYMYZYŇ KÄRHANASYNDA BIR GEZEK ULANYLÝAN LUKMANÇYLYK AGYZ-BURUN ÖRTÜKLERINI ÖNDÜRÝÄN ENJAM IŞE GIRIZILMÄGE TAÝÝARLANYLÝAR
Aşgabadyň lukmançylyk pamygyny we kosmetiki pamyk serişdelerini çykarýan kärhanasynda bir gezek ulanylýan agyz-burun örtüklerini çykarýan awtomatik enjamyň sazlaýyş-işe goýberiş işleri tamamlanyp barýar. Dem alyş agzalaryny goraýan serişdäni taýýarlamak üçin ýurdumyzda öndürilýän dokalmaýan sapnbond materialy ulanylar. Kärhanada oturdylan doly awtomatik usulda işleýän enjamda minutda ýüze golaý önüm çykarylar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary-da dem alyş agzalaryny gor...
DAŞARY YKDYSADY IŞIŇ ÖSÜŞI BIZIŇ DÜNÝÄ BAZARYNDA BÄSDEŞLIGE UKYPLYLYGYMYZYŇ GÖRKEZIJISIDIR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we başlangyjy boýunça Türkmenistanda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýlelikde, amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin ygtybarly binýady döredip, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilik...
PÄKISTANDA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN WEBINAR MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy hem-de Päkistanyň Global we strategik gözlegler merkezi (CGSS) bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegiň we sebitara hyzmatdaşlygyň guraly” atly webinar maslahaty geçirildi. Webinaryň işine türkmen diplomatlary, Päkistanyň Global we strategik gözlegler merkeziniň prezidenti Halid Am...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÄZE KITABYNY ÝAZYP TAMAMLADY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryna we türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady. Milli Liderimiz dynç alyş pursatlarynda wagtyny işjeň we peýdaly geçirmäge, şeýle hem edebi döredijilige bagyş edýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda täze eseri döretmek halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatlylygyny ala...
TÄZE NEŞIRIŇ SAHYPALARYNDA ÝANGYÇ-ENERGETIKA TOPLUMYNYŇ KUWWATY
?Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna bagyşlanan, türkmen ýangyç-energetika toplumynyň (ÝET) ösüşiniň esasy ugurlaryny we meýillerini şöhlelendirýän ýöriteleşdirilen neşirde ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan anyk wezipeleriň nähili çözülýändigi barada gürrüň berilýär. Žurnalyň sahypalarynda esas...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardamlary hem-de halkara derejede hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda möhüm halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimer...