SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ASTRAHANDAKY KONSULY WOLGOGRAD DÖWLET SOSIAL-PEDAGOGIK UNIWERSITETINIŇ REKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
27-nji awgustda Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersitetiniň (WDSPU) rektory Aleksandr Korotkow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini we şu ýokary okuw mekdebinde türkmen ýaşlaryndan kärine ussat hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň noýabrynda Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersiteti bilen Seýitnazar Seýdi adynd...
«ÖZBEK BÖRIBASAR» ITLERINIŇ TOHUMYNY GORAP SAKLAMAK JEMGYÝETI «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI» ASSOSIASIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYGA GYZYKLANMA BILDIRÝÄR
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedow diplomatik wekilhananyň Daşkentdäki edarasynda «Özbek böribasar» itleriniň tohumyny gorap saklamak jemgyýetiň başlygy A. Şukurow bilen duşuşyk geçirdi. Ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy myhmana arassa ganly türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek, bu meşhur tohum itlerini, onuň gymmatly sypatlaryny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada gürrüň berdi. Bellenilişi...
ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINI WE OBA HOJALYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetinde iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sebitlerine, obasenagat, maliýe-ykdysady, nebitgaz, ulag, söwda we dokma toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerler hem-de welaýatlaryň häkimleri, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda sebitlerde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda dur...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem tehnologik desgalary abat saklamak, olary bökdençsiz işletmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna şu toplumda 2 sany täze gazturbinany gurmak we el...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmegi we onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmek tabşyryldy. Awtomatlaşdyrylan elekt...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda awtomobil ulag pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Awtoulag kärhanalar birleşigi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Ýurdumyzyň çäklerini we oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri bilen bagly mejlise welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri hem çagyryldy. D...