SOŇKY HABARLAR
MEKDEP NÄMEDEN BAŞLANÝAR: MEKDEBE ÇENLI BILIM ULGAMYNDA INNOWASIÝALAR
Ozal habar berlişi ýaly, 1-nji sentýabrda Aşgabatda 21-nji ýörüteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiniň dabaraly açylyşy boldy. Toplumda umumybilim berýän mekdebiň we mekdebe taýýarlyk toparlarynyň binalary bar. Çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek Maksatnamasyna laýyklykda ýörüteleşdirilen merkez dilleri çuňňur öwretmäge we kompýuter sowatyny özleşdirmäge gönükdirilendir. Biziň habarçymyz toplumyň ýaşajyk...
RESMI HABAR
Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak, gowulandyrmak we gorap saklamak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň hukuklaryny goramak babatda ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň Tertibi, öri meýdanlarynyň peýdalanylandygy üçin tölegiň möçberi hem-de tölegi almagyň Tertibi tassyklan...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligine wideomejlis aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üçin zerur bolan enjamlary, programma üpjünçiligini we ygtyýarnamalary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Vialex FZE» kompaniýasy b...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda şu ýylyň sekiz aýynda Hökümetiň alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün ter...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa bolan saparyny aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol saparyň barşynda Rimde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyk...
ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZI BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA GATNAŞYJY DÖWLETLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇNAMALARY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRÝÄR
2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde ÝHHG tarapyndan guralan «Bütindünýä Söwda Guramasynda agzalygyndan gelip çykýan mümkinçilikleri we borçnamalary: ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň tejribeleri» atly üç günlik onlaýn maslahat öz işine başlady. Maslahatyň esasy maksady BSG-na goşulmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginde ÝHHG gatnaşyjy döwletleriniň tejribelerini öwrenmekden, şeýle hem milli söwda syýasatyny has-da kämilleşdirmek üçin indiki ädimlere goldaw bermekden ybaratdyr. Du...
OWGANYSTANDA TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 29-njy awgustynda Hyrat şäherinde Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Konsullygynyň gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we onuň türkmen-owgan gatnaşyklaryndaky oňyn täsiri” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň işine türkmen diplomatlary, “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasyndaky Türkmengaz döwlet konserniniň wekilleri, Hyrat welaýatynyň hä...