TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DAŞOGUZ WELAÝATY PAGTA ÝYGYMYNA TAÝÝAR
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 16-njy sentýabrda başlanýan pagta ýygymyna toplumlaýyn taýýarlyk tamamlandy. «Daşoguzpagta» Önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň onusynda zerur abatlaýyş we sazlaýyş işleri geçirilip, olar möwsüme taýýar edildi. Şeýle hem kabul ediş nokatlaryny 43-si we tabşyrylýan çig malyň hilini barlaýan laboratoriýalar gije-gündiziň dowamynda işlemäge taýýarlanyldy. Zerur taýýarlyk işleri Sadulla Rozmetow adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň düzümi...
OWGANYSTAN-TÜRKMENISTAN- AZERBAÝJAN UGRY BOÝUNÇA ÝÜK DAŞAMAGYŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda üç taraplaýyn onlaýn-duşuşyk geçirildi. Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara üstaşyr-ulag taslamasynyň durmuşa geçirilişine garadylar. Duşuşygyň gün tertibine ulag-logistika işlerini amatlaşdyrmak, oňa gatnşyjylaryň ählisine deň derejeli ykdysady we maliýe şertlerini döretmek, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan ugry boýunça ýükleri daşa...
SINHAÝ EKSPOSYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI DUŞUŞYKDA TÜRKMENISTANYŇ EKOLOGIÝA SYÝASATYNYŇ ESASY UGURLARY GÖRKEZILDI
6-njy sentýabrda Sinin şäherinde (HHR) Sinhaý ekologiýa senagaty Eksposy we Tibet halysynyň sergisi (Qinghai Ecological (Industry) Expo and Tibetan Carpet Exhibition) açyldy. Gözden geçiriliş ykdysadyýetiň we beýleki pudaklaryň ösüşiniň ekologiýa ugruna, şol sanda ekologiýa ösümlikçiligi, maldarçylygy, adaty hytaý lukmançylygy, ekosyýahatçylyk, etniki medeniýet we beýlekiler ýalyy möhüm ugurlara bagyşlanýar. Sergi zallaryň üçüsinde we Sinhaýyň Halkara sergi meýdançasynda hem-de maslahatlar...
TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibi bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Türkmenistan bilen Gruziýanyň halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň...
TÜRKMEN LIDERINIŇ ADYNA RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINDEN HAT GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Tatarystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan TASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllygy hem-de Tatarystan Respublikasynyň güni mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Munuň özi Tatarystan Respublikasy bilen russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk meselelerine üns berilýändiginiň möhüm m...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we tehnikikerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna polietilen, tekiz boýal...
ÇAGALARYŇ “GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI” BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI KONSERTI
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji konserti boldy. Ýurdumyzyň ýaş ýerine ýetirijileriniň arasynda her ýyl geçirilýän aýdym-sazly bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralarynyň başyny başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, köp ýyllaryň dowamynda geçirilýän zehinli çagalaryň bäsleşigine Watanymyzyň dürli künjeklerinden köp sanl...