SOŇKY HABARLAR
ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINDE BAÝRAMÇYLYGYŇ ÖŇ ÝANYNDAKY TÄZE BINALARYŇ AÇYLYŞ DABARALARY
Amyderýanyň ýakasyndaky şäheriň ýaşaýjylary ýakynlaşyp gelýän baýramçylyga — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna ajaýyp sowgat aldylar. Şäheriň bagtyýar ýaşaýjylaryna täze gurlan jaýlardaky öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dört gatly jaýlaryň 14-sinden ybarat bolan täze ýaşaýyş toplumy welaýat merkeziniň günorta böleginde, Türkmenabat — Mary awtomobil ýolunyň ugrunda guruldy. Täze binalaryň taslamalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzyň şäher gurluşy...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY TÜRKMEN-SAUD GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Feýsal Bin Farhan Al-Saud ýolbaşçylyk etdiler. Söhbetdeşligiň başynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini, şonuň ýaly-da halkara we sebit ähmiýetli wajyp ugurlary ara alyp maslaha...
DAŞOGUZLY EKERANÇYLAR PAGTA ÝYGYMYNA GIRIŞDILER
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, «ak altyn» möwsümine ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijräk badalga berilýän Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar. Welaýatyň häkimliginde geçirilen iş maslahatynda ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeler, ähli degişli gulluklaryň takyk işlemegi we sazlaşykly hereket etmegi baradaky meseleler esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boldy. De...
ТУРКМЕНСКИЕ МЕДИКИ ОБСУДИЛИ С ЭКСПЕРТАМИ ВОЗ РАБОТУ ПО ПРЕДОТВРАЩЕНИЮ РАСПРОСТРАНЕНИЯ ОПАСНЫХ ИНФЕКЦИЙ
Консультация экспертов Всемирной организации здравоохранения (ВОЗ) по методу клинического обследования больных с тяжёлыми острыми респираторными инфекциями состоялась сегодня в формате видеоконференции в Министерстве здравоохранения и медицинской промышленности страны. Онлайн-встреча, организованная офисом ВОЗ в Женеве, была нацелена на повышение квалификации туркменских специалистов в связи с распространением в мире особо опасных инфекционных заболеваний. Отечественные медики обменялись н...
TÜRKMENISTANYŇ KONSULY ASTRAHAN DÖWLET ARHITEKTURA-GURLUŞYK UNIWERSITETINDE DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýew Astrahan döwlet arhitektura-gurluşyk uniwersitetine (ADAGU) bardy. Söhbetdeşligiň başynda bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Tatýana Zolina şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Konsul G. Garaýew...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA HEM-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ NOBATDAKY 75-NJI SESSIÝASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARLYGYNA SAÝLANYLMAGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna hem-de ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagyna bagyşlanan halkara media-forum geçirildi. Çäre sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu halkara media-forum Türkmenistan tarapyndan Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň bi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen Lideri Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny Tatarystanyň döwlet Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi dostlukly ýurduň ýolbaşçysynyň respublikada jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň...