img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

Şu gün, 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde emele gelen dostlukly, a...

DOWAMY
pic
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISINE WE SANLY YKDYSADYÝET BOÝUNÇA MASLAHATA GATNAŞYJYLARA GUTLAG HATYNY IBERDI

Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň we «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň we maslahatyň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin! Bu...

DOWAMY
pic
19 Sen

AŞGABATDA ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY GAZANANLARYNA BAGYŞLANAN FORUM GEÇIRILDI

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan iki günlük sergisi we “Sanly ykdysadyýet-ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Giň möçberli sergi ykdysady ösüşiň we türkmen halkynyň durmuş hem-de ruhy ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeleriniň özboluşly ýylýazgysyna öwrüldi. Bu çäre halkymyzyň özboluşly medeni mirasynyň baýdygyny äşgär etdi. Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan gözden...

DOWAMY
pic
19 Sen

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 112-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan we Özbegistandan gelen telekeçiler polietileni satyn aldylar, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosini bolsa ABŞ-dan we Şweýsariýadan gelen täjirleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da daşary ýurt puluna takiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, jinsi matasy, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ý...

DOWAMY
pic
19 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ ARASYNDA GATNAŞYKLARYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň başynda sebitiň ýolbaşçysy koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýran döwri Astrahan oblastyna ynsanperwer kömegini ibermek kararyna gelendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Bu päkniýetli kömek Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastyny baglaşdyrýan hoşmeýilli...

DOWAMY
pic
18 Sen

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, täze gurluşyk serişdeleriniň görnüşini köpeltmek, şeýle hem «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat hem-de önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önü...

DOWAMY
pic
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer Hökümetiň şu ýylyň 4-nji sentýabrynda bolan mejlisiniň barşynda 2020-nji we 2021-nji ýyllarda ýurdumyzyň...

DOWAMY