TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ERMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2023-nji ýylyň 31-nji maýy 3-nji iýuny aralygynda Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky medeniýet we sungat işgärlerinden, alymlardan, habarçylardan we talyp ýaşlardan düzülen türkmen wekiliýeti Ermenistana geldi. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Ermenistanyň Aram Haçaturýan konsertler zalynda geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň döwlet edralarynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY
Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp gördi. Türkmen halkynyň Milli Lideri onlarça kompaniýany özünde jemleýän toplumyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalardan soňra, energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebitgaz, demir ýol hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarla...
ÝUNESKO-NYŇ BAŞ EDARASYNDA 1970-NJI ÝYLYŇ KONWENSIÝASYNA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ 7-NJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 30-njy maýynda, Ilçi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili M.Çaryýew Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçirilen 1970-nji ýylyň «Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýasyna» gatnaşyjy döwletleriň 7-nji duşuşygyna gatnaşdy. Mejlisiň açylyş sessiýasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet boýunça orunbasary jenap Ernesto Ottone Ramirez, 2022-nji ýylda K...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTAN BILEN ÝHHG-NIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARYNA SEREDILDI
2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda syýasy we ykdysady ugurlarda, energetika we ekologiýa howpsuzlygy, parlament diplomatiýasyny ösdürmek we ynsanperwerlik meselelerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy, Türkmenistanyň ha...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PARLAMENTINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
30-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň EYR-na iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşygy boldy. Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň maksady hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň kanunçylyk esasynda berkidilmeg...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SYÝASY MAKSADALAÝYKLYK GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
30-njy maýda Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy. EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň ýolbaşçysy türkmen halkynyň durmuş-ykdysady ösüşde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda gazanan we häzirki günde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanmagyny dowam etdirýän üstünliklerine Eýranda tüýs ýürekden guwanýandyklaryny nygtady....
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PREZIDENTI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGURLARYNY MASLAHATLAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 30-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy. Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparyna uly ähmiýet berilýär. Bu saparyň netijeleri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berer. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýu...