img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Okt

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine sürüm we bejergi traktorlary hem-de oba hojalyk gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, çalgy ýaglaryny we sarp ediş seriş...

DOWAMY
pic
5 Okt

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2021-nji ýylda öndüriljek bugdaý ununyň düzümine goşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen “Premiks” azyk goşundysyny satyn almak barada goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky Çözgüde gol çekdi.

DOWAMY
pic
5 Okt

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyza halkara ölçeglere laýyklykda innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap ýöriteleşdirilen ýanyk şikeslerini bejeriş kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini netijeli dolandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama...

DOWAMY
pic
5 Okt

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyş...

DOWAMY
pic
5 Okt

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞDÄKI NOBATDAKY DUŞUŞYK

Şu gün ýurdumyzyň Mejlisinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Muhammad Sadyk Sanjrani bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda parlamentleriň derejesindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň we uly geljegiň bardygyny belläp, iki ýurduň k...

DOWAMY
pic
5 Okt

YGTYBARLY IMMUNO-ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI ILATYŇ SAGLYGYNY GORAMAGYŇ KEPILIDIR

Raýatlara lukmançylyk hyzmatlaryny etmek babatda saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş çärelerini ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.Immuno-öňüni alyş çäreleri waksinalar arkaly täsir edilýän ýokanç keseller babatynda epidemiologiýa abadançylygyny saklamagyň möhüm serişdesidir. Ýurdumyzda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibine laýyklykda, jemi 14 sany kesellere garşy, ýagny wirusly gepa...

DOWAMY
pic
5 Okt

DIM-DE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda iki ýu...

DOWAMY