img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MALIÝE-YKDYSADY ULGAMYNYŇ DURNUKLY ÖSÜŞI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmegi, senagat, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa hem-de durmuş ulgamlaryny, hyzmatlaryň ýaýrawyny netijeli ösdürmegi, tebigy we senagat serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagy, daşary ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmagy, Diýarymyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bularyň ählisi baş wezipäni, ýagny ilaty...

DOWAMY
pic
13 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE ÝUNKTAD-YŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukis Kituýi we BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natsw...

DOWAMY
pic
13 Okt

TÜRKMENISTAN BILEN SAUD ARABYSTANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady işler boýunça orunbasary jenap Adel Siraj Salehyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlary boýunça işjeň gepleşikler geçirildi. Dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli duşuşukl...

DOWAMY
pic
13 Okt

FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel bilen duşuşygy boldy.  Duşuşygyň başynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlydygyny bellediler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara...

DOWAMY
pic
13 Okt

HYRAT ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Konsullygynda Hyrat we Badhyz welaýatlarynyň türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň konsuly we Owganystanyň abraýly türkmen wekilleri çykyş edip, kitabyň aýratynlyklary hem-de onuň milli we dünýä gymmatlyklaryny ösdürmekdäki e...

DOWAMY
pic
12 Okt

KINOLOGIÝA ULGAMYNDA TÜRKMEN-FRANSUZ HYZMATDAŞLYGYNYŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün «Türkmen alabaý itleri» Halkara assosiasiýsynyň we Fransiýanyň Merkezi kinologiýa jemgyýetiniň wekilleriniň onlaýn-duşuşygy geçirildi, onuň barşynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşiklere fransuz tarapyndan Nantyň Weterinariýa mekdebiniň professory Klod Gantar, Halkara kinologiýa federasiýasynda Fransiýadan eminler toparynyň agzasy Greguar Leroý we Kinologiýa jemgyýetiniň halkara bölüminiň işgäri Fler Mari-Missant gatnaşdylar. Wideoduşuşygň dowamynda Türkm...

DOWAMY
pic
12 Okt

RUSSIÝANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI BILEN GATNAŞYKLAR IŞJEŇLEŞDIRILÝÄR

Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) baş konsuly Atadurdy Baýramow Perm ülkesine iş saparynyň çäklerinde Perm döwlet milli barlaglar institutyna baryp gördi, bu ýerde ýurdumyzyň raýatlary bilim alýarlar. Diplomat PDYBI-niň talyplarynyň öňünde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» temasynda umumy sapak bilen çykyş etdi, onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge, parahatçylygyň, ykdysady we innowasion goşulyş...

DOWAMY