SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEOMASLAHAT
Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hödürlän taslamasyny ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde yglan etmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde instituta degişli pul sylagy gowşuryldy. Ylymlar akademiýasynyň we Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda medeni-ynsanperwer ulga...
BMG-NIŇ OWGANYSTANA ÝARDAM BERMEK BOÝUNÇA MISSIÝASYNYŇ (UNAMA) BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Taraplar bu Missiýanyň döredilen senesinden bäri Türkmenistanyň we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýe bolup durý...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI PARAHATÇYLYKLY OWGANARA DIALOGYNA GATNAŞYJYLAR BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Katar döwletiniň Doha şäherinde bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet parahatçylykly owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, gepleşikleriň barşynda wekiliýetiň düzümine girýän «Таlyban» hereketiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça owganara gepleşiklerini goldaýandygy beýan edildi we şol bi...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça işjeň häsiýetini belläp geçdiler. BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde...
TÜRKMENISTAN ÝUNESKO BILEN NETIJELI ÖZARA HEREKETLERINI IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
2020-nji ýylyň 2-nji noýabrynda DIM-niň binasynda UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 23-nji oktýabrynda degişli Karara gol çekip, ýokarda görkezilen Toparyň düzümini we düzgünnamasyny tassyklady. Mejlisi açmak bilen, Türkm...
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE WE ÄHLI HALKYNA
Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany...
TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY GAZANANLARY — WIRTUAL SERGIDE
Şu gün Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady. Ol ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri sergä taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, «Wirtual sergi» taslamasynyň durmuşa g...