TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Salman Bin Hamad Al Halifany Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we Bahreýniň doganlyk halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
AŞGABATDA ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ IŞJEŇLERINI SARPALAMAK DABARASY GEÇIRILDI
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, işjeňleri sarpalamak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň işlerine ýokary baha berip, olaryň Watanymyzyň güýji we kuwwaty, mertebesi hem-de abraýy, beýik geljegi bolup durýandyklaryny aýdýar. Milli Liderimiz ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni-aňyýet, beden taýdan ösüşine, mynasyp bilim almagy hem-de sazlaşykly terb...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISINI KABUL ETDI
2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda diplomatlar döwletara we pudagara derejesinde türkmen-ýapon hyz...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY ITALIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Luçiano Galli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi. Diplomatlar ýokary derejedäki özaragatnaşyklaryň ulgamlaýyn häsiýetini belläp geçdiler. Döwlet baştutanlarynyň arasyndaky önje...
YKDYSADYÝETDE HUSUSY KOMPANIÝALARYŇ PAÝY ARTÝAR
Daşoguz welaýatynyň ykdysadyýetinde hususy düzümleriň paýy barha artýar. Olaryň biri hem «Ýüpek ýoly gurluşyk» Hojalyk jemgyýetidir, onuň ýörüteleşdirilen edaralary ýerli energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, diňe şu ýyl olar Ruhubelent şäherçesiniň Aşyk Aýdyň köçesinde täze elektrik geçirijini gurdular. Bu ýerde beton sütünleriň 47-si dikildi, jemi 10 we 0,4 kilowoltlyk elektrik geçirijileriň bäş kilometrden gowragy gurnaldy. Bu şahsy düzüm S. A. Nyýazow adynda...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Panamadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçat kerosinini, awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. BAE-den gelen täjirler “Türkmensenagat eksport-import” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden karbamid, Beýik Britaniýanyň işew...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝOKANÇ KESELLER HASSAHANASYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY HEM-DE SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNY HAS-DA ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA WEZIPELERI KESGITLEDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň — Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu sebitiň täze edara ediş merkezini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamanyň çäklerinde bina edilen döwrebap bejeriş desgasynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygyna g...