SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy Li Dal Gonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Taraplar işewür gatnaşyklary giňeltmegiň we iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda täze gatnaşyklary ýol...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasion barlaglar institutynyň direktory Kim Jin Pýonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny, şol sanda innowasiýalar, häzirki zaman tehnologiýalary we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurdu...
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýar. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara dialog oňyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. Prezident Serd...
Moldowa Respublikasynyň Mejlisiniň agzasy, Türkmenistan bilen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy, Türkmenistan bilen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Petru Burdužanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn-da, ikitaraplaý...
В городе Аркадаг состоялась Международная конференция высокого уровня
12 сентября 2026 года во Дворце «Ruhyýet» города Аркадаг, состоялась международная конференция высокого уровня «Независимый, постоянно нейтральный Туркменистан – Родина крылатых скакунов: зона мира, дружбы и сотрудничества». В мероприятии приняли участие члены Правительства, руководители министерств и ведомств, главы аккредитованных в Туркменистане дипмиссий и международных организаций, а также представители общественных организаций, политических партий, старейшины и молодёжь. Перед начало...
Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak we kesgitlemek boýunça ikinji sebitara konsultatiw duşuşyk
2026-njy ýylyň 11-12-nji sentýabry aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny (UN SPAS) durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak we anyklamak boýunça ikinji sebitara konsultatiw duşuşyk we suw diplomatiýasy boýunça Sebitara seminar geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň “Köp sanly peýda almak...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi. Kenji Ýamada duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri Sanae Takaitiniň hormatly Pre...