SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Hormat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we özbek halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarda we bilelikdäki işde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahsu...
TÜRKMENISTAN TÄZE ÝYLY GARŞYLAÝAR – ÝURDUMYZYŇ BAŞ ARÇASY ÝAŞ MYHMANLARY GARŞYLAÝAR
Şu gün Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, maliýe-bank ulgamynyň, obasenagat toplumynyň, şeýle hem milli parlamentiň komitetleriniň ýolbaşçylary çagalary hem-de agtyklary bilen bilelikde “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasyna bardylar. Däp boýunça myhmanlary Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary — Aýazbaba hem-de onuň agtygy Garpamyk garşylap, olary ertekiler şäherjigine gezelenç...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ÇAGALAR BILEN ÝURDUMYZYŇ BAŞ ARÇASYNA BARDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna geldi. Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar. “Älem” medeni-dynç alyş merkezi halkyň söýüp garşylaýan hem-de parahatçylygy, ylalaşygy özünde jemleýän Täze ýyl baýramçylygynyň guralýan esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde, ägirt uly arçanyň töwereginde öwşün atýan çyra...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: WATANYMYZYŇ TEBIGATYNYŇ GÖZELLIGI − TÜKENIKSIZ BAÝLYK
Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi. Halk arasynda «kyrkçille» diýlip atlandyrylýan gyş paslynyň dowam edýän günlerinde sowuk howa bilen ýagyn utgaşykly gelýär. Topraga düşen galyň gar geljek ýylda däneden bol hasyl alynjakdygyny aýdyň edýär. Tejribeli daýhanlaryň belleýişleri ýaly, gyşda ýagan gar toprak üçin möhüm bolup durýar. Diýmek, gök we b...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Şotlandiýanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri degişlilikde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gonkongyň we Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýan...
«MEN SIZE GÜLKÜMI GOÝÝARYN...»
?Özümden göwnihoş bir işim, olam adamlary güldürmegi başarynlygym...» - diýip kinematografyň uniwersal ussady, dünýä kinosynda iň belli keşpleriň birini – gysga metražly komediýalarda peýda bolan sergezdan Çarliniň keşbini döreden Çarli Çaplin aýdyp geçipdi. Çarli Çaplin – kino genisi we XX asyryň ajaýyp şahsyýeti. Adamlaryň millionlarçasy, kinotomaşaçylaryň nijeme nesli Çarli Çaplin bilen birlikde hem güldi, hem aglady! Bu üýtgeşik adama we aktýora geniý diýilmeginiň sebäbi onuň özi hem muny...