TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY MINISTRLIGINDE NEMES BILERMENLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, “Türkmendermansenagat” Birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky döwlet l...
TÜRKMENISTAN MERKEZI AZIÝADA «SPUTNIK V» SANJYMYNY BELLIGE ALAN ILKINJI DÖWLET BOLDY
2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynyň (GMRG) baş direktory Kirill Dmitriýew «Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymynyň ulanylyşyny resmi taýdan makullan ilkinji ýurt boldy. Hyzmatdaşlarymyz sanjymyň howpsuzlygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler, çünki ol bu günki günde koronawirusa garşy göreşmegiň dünýä derejesi...
KARHANA IŞINIŇ ÇÄGINI GIŇELDÝÄR
Ýurduň demirgazygynda ýaşaýyş jaý pudagynyň ösüşinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynyň tutýan orny has ýokarlanýar. Kärhana diňe bir jaý gurluşygy üçin iri panelli gurnamalaryň ençeme görnüşiniň önümçiligini özleşdirmän, eýsem onuň ygytyýaryndaky gurluşyk guramasy sebitiň dürli künjekleriniň köpüsinde dürli görnüşli jaýlary gurmaga hem işjeň gatnaşýar. Ol Daşoguz şäherinde, esasan, kerpiç we iri panelli köp öýli jaýlary bina e...
Туркменистан и Франция: по пути развития дружбы и взаимовыгодного сотрудничества
18 января 2021 года Президент Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов осуществил рабочую поездку по столице Туркменистана, в ходе которой ознакомился с положением дел на возводимых в Ашхабаде объектах административного и социального назначения. Важно отметить, что Туркменистан на протяжении многих лет эффективно сотрудничает с компанией «Bouygues Batiment International», которая внесла свою весомую лепту в создание нового архитектурного облика Туркменистана путем сооружения различных объекто...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZYŇ TÄZE DESGALARYNYŇ GURLUŞYKLARYNDA IŞLERIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Bütin dünýä meşhur bu kompaniýanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen iri möçberli gurluşyk taslamalarynyň ençemesine işjeň...
«...HUDAÝ SUNGATLARDA MAŇA ZEHIN BARYN EÇILIPDIR»
?Seniň jady gözleriň» aýdymyna goşgynyň awtory Gara Seýitliýew ony aýlay Zinaida Fýodorowna bagyşlapdyr. 1955-nji ýylda Andreý Babaýewiň sazyna döredilen aýdym «Aşyr aganyň hötjetligi» filminde ýaňlanýar. Tanymal aýdymçy Raşid Beýbutow ony şeýle bir ajap aýtdy welin, ol ençeme ýyllap filmiň özünden meşhur boldy. Ýyllar geçip, «Seniň jady gözleriň» aýdymyny Myrat Diwanaýew aýdyp ugrady. Onuň konsertleriniň ählisi diňleýjileriň haýyşy bilen şol ajaýyp aýdym bilen jemlenýär, ol aýdymçynyň tutuş dör...
GARAGUMYŇ UMMASYZ BAÝLYKLARY
Gadym döwürlerden Garagum adyny alan gözýetmez, bir bölegi beýewan, aglabasy çäge gumluk Merkezi Aziýada iň uly, dünýäde iri çölleriň biridir. Ol Türkmenistanyň meýdanynyň üçden bir bölegine golaýyny tutup, günortada Köpetdagyň dag etekleriniň, Garabiliň we Bathyzyň, demirgazykda – Horezm golunyň, gündogarda – Amyderýa jülgesiniň we günbatarda Gündogar Uzboýyň hanasynyň arasynda ýerleşýär. Jemi 350 müň inedördül kilometrden hem gowrak bu çölüň tutýan meýdany Beýik Britaniýa, Italiýa ýa-da Norweg...