SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE BMG DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ DOWAM EDILMEGINI ILERI TUTÝARLAR
2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňize çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili hanym Fekitamoeloa Katoa Utoikamana bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryna ýokary...
TÜRKMENISTANYŇ WE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýän ýokary derejedäki özara hereketleriň...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 35-si baglaşyldy. Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem Şotlandiýadan BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gonkongyň we Şweýsariýanyň i...
ÝÜK DAŞAÝJYLAR ÜÇIN ONLAÝN-HYZMATLAR
?Demirýollary» AGPJ sebitiň ulag we logistika düzümleri üçin innowasion çözgütleri teklip etdi. Paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri «Asman Oky» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde halkara ýük daşalşyny resmileşdirmek üçin onlaýn-hyzmatlar ulgamyny işläp taýýarladylar we ornaşdyrdylar. Indi trl.gov.tm saýtynda ýerleşdirilen täze sanly ulgam arkaly ýük ugradyjy şahsy kabinetiniň elýeterliligini üpjün edýän öz demir ýol koduny alyp we hasaba goýup biler. trl.gov.tm saýty ýurdumyzdaky müşderiler, şeýl...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde...
КОЙТЕНДАГ: ПУТЕШЕСТВИЕ В СТРАНУ ГОРНЫХ УЩЕЛИЙ И ПОДЗЕМНЫХ ЛАБИРИНТОВ
На восточной окраине Туркменистана широко раскинулись юго-западные отроги могучего Гиссарского хребта Памиро-Алайской горной системы, названные с незапамятных времён Кугитангом. Другое их название − Койтендаг – непроходимые горы. Западные склоны этого хребта действительно непроходимы. Они изрезаны множеством каньонообразных ущелий с обрывами высотой в сотни метров. Этот регион занимает одно из ведущих мест в Туркменистане по богатству и разнообразию природных и минеральных ресурсов. Здесь сос...
TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ NEBITGAZ PUDAGYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK
21-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Müsür Arap Respublikasynyň nebitgaz toplumynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň “Türkmennebit”, “Türkmengaz” we “Türmenhimiýa” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Müsür tarapyndan duşuşygyň işine Müsüriň Nebit we mineral serişdeleri ministrliginiň, şeýle hem öňdebaryjy nebitgaz korporasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň...