SOŇKY HABARLAR
RESMI HABAR
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resmi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY S.G.BERDIMUHAMEDOW HAKYNDA
Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine belläp, Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girizmeli hem-de ony Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabdat şäheri, 2021-nji ýylyň 11-nji fewraly. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.G.Berdimuham...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MILLI YKDYSADYÝETIMIZI ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary oku...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝURDUŇ DIPLOMATIK GULLUGYNA BEREN TABŞYRYKLARYNYŇ DURMUŞA GEÇIRILMEGINE DEGIŞLILIKDE TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MEJLIS GEÇIRILDI
Şu gün, 2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn mejlisi geçirildi. Mejlise şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-d...
SAÝLAWLARYŇ ÖŇÜSYRASYNDAKY MÖHÜM TAPGYR
Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň 28-nji martda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 6-njy fewralda dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi. Halk Maslahatyna agzalyga dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasyna halk wekili bolmaga has mynasyp dalaşgärler görkezilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň tertibine laýyklykda, syýasy partiý...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «ТАLIBAN» HEREKETINIŇ SYÝASY EDARASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň «Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmagyň hem-de saklamagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda owgan halky...
RESMI HABAR
“Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýerleşýän geografik obýektiň çäklerinde aýratyn häsiýetleri şol obýekt üçin mahsus bolan tebigy we (ýa-da) etnografik şertleri bilen kesgitlenilýän harydy haýyşnamaçynyň öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralarynyň sanawy tassyklanyldy.