RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Mar

EKO-DA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ DOWAMYNDA TÜRKMENISTAN MEDENI-YNSANPERWER ULGAMDAKY HYZMATDAŞLYGA AÝRATYN ÜNS BERER

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitinde YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň ugrunda ýurduň öňde goýan maksatlaryny beýan etdi. Prezident: “Türkmenistan YHG-da başlyklyk ediji hökmünde medeni, sport, bilim, ýaşlar, syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge işjeň ýardam bermegi maksat edinýär. Dost-doganlyk ruhunda biziň halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän umumy ahlak gymmatlyklaryn...

DOWAMY
pic
4 Mar

DAŞARY ÝURTLARDA TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILEN JORAPLARA ISLEG ARTÝAR

?Akar Tekstil» hojalyk jemgyýetiniň ýakyn wagtda jorap önümlerini iri eksport ediji bolmagy mümkin. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhananyň arassa pagtadan we laýkra bilen garyşyk ýüplükden öndürýän erkek adamlaryň, zenan we çagalar joraplarynyň on bäş görnüşine ýurdumyzyň içinde-de, daşynda-da isleg uly. Geçen ýyl kärhana «AKAR» söwda belgisi bilen bir milliona golaý, şu ýylyň iki aýynda – ýene-de 450 müň jübüt jorap eksport etdi. Olary esasan Gazagystan, Gyrgyzystan, Russi...

DOWAMY
pic
4 Mar

MYRAT SADYKOW: TÜRKMEN ESTRADASYNDA ÖÇMEZ YZ GALDYRAN ZEHIN

?Ýuwaş! Synag gidýär!» ýazgyly işik açylyp, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň kabul ediş toparynyň öňünde görmegeý sypaýy ýigit, «Suwhojalygytaslama» institutynyň kiçi ylmy işgäri peýda boldy. Topar agzalary ondan ilki bilen: «Ýaş ýigit ýalňyşan dälsiňiz-ä? – diýip sorajak boldular. Ýöne dalaşgär Sadykow Myrat diýip adyny aýtdy. Topar agzalary köpi gören adamlar: olar üýtgeşik zehinlere-de, munuň tersine, juda çöňňelere-de, şeýle hem durmuşyny düýpgöter üýtgedip, aýdymçy bolmaga höwes edýän...

DOWAMY
pic
4 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ 14-NJI SAMMITINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 14-nji Sammitine gatnaşdy. 2021-nji ýylda YHG-da başlyklygyň Türkmenistana geçendigini bellemek zerurdyr.  “Pandemiýadan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” atly tema boýunça geçirilen bu Sammite YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet we Hökümet Baştutanlary hem-de halkara guramalaryň, hususan-da, Energetika Hartiýasynyň w...

DOWAMY
pic
3 Mar

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Şu gün Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň bilermenleriniň iki günlük onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bu duşuşyk weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyga, haýwanlaryň kesellerini öz wagtynda anyklamaga hem-de öňüni almaga gönükdirilen ylmy-barlag maksatnamalarynyň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy. GDA döwletlerind...

DOWAMY
pic
3 Mar

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň we Germaniýanyň fizioterapewt hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş diplomatiýasy dünýä derejesinde döwrüň ähmiýetli meselelerini çözmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiziň ösüşlere beslenen başlangyçlary netijesinde Türkmenistan lukmanlaryň iş ýüzündä...

DOWAMY
pic
2 Mar

MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ AGZALYGYNA DALAŞGÄRLERI HÖDÜRLEMEK TAMAMLANDY

Türkmenistanda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möhüm tapgyr — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy. Ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan bu möhüm syýasy çäräniň çäklerinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň sany çäklendirilen däldir. Mejlise gatnaşyjylaryň her biri dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, o...

DOWAMY