SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde gysga söhbetdeşlik geçirildi, onuň dowamynda BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň mähirli salamlary ýetirildi. Öz ge...
Türkmenistan wekiliýetiniň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşmagy we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça Ählumumy hasabatyň (GEM Report 2026) tanyşdyrylyşyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy hem-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Forumyň çäklerinde bilim edarasynyň ýolbaşçysy ýokary derejeli ministrler dialogynda çykyş edip, irki çagalyk biliminiň Türkmenistanda adam kapitalyny kemala getirmegiň we jemgyýetiň durn...
О встрече Министра образования Туркменистана с Генеральным директором ЮНЕСКО
25 марта 2026 года в штаб-квартире ЮНЕСКО в Париже состоялась встреча Министра образования Туркменистана Джумамырата Гурбангельдиева с Генеральным директором ЮНЕСКО Халедом аль-Анани в рамках мероприятий, приуроченных к презентации Глобального доклада по мониторингу образования (GEM Report 2026). В ходе встречи туркменская сторона представила ключевые направления государственной политики в сфере образования, включая последовательное развитие сотрудничества с ЮНЕСКО, участие в программе ЮНИТВ...
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Antoniu Žoze Seguruwa Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Antoniu Žoze Seguruwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Portugaliýanyň öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy
2026-njy ýylyň 9-njy martynda Lissabon şäherindäki Respublika Assambleýasynyň binasynda Portugaliýa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguronyň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Dabaraly çärelere Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Pariž ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Çaryýew gatnaşdy. Wezipä girişmek mynasybetli dabara Portugaliýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň, hökümet agzalarynyň, parlament deputatlarynyň,...
Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de Türkmenistan...
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekillerini kabul etdi
2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşun ministri Deniýel Driskolly hem-de ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gory kabul etdi. Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan edip, ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek mesel...