SOŇKY HABARLAR
ŞÄHERIŇ TARYHY ADAMLARYŇ YKBALYNDA: MÜŇ ÝYLLYK DÄPLER
Aşgabadyň 140 ýyllygyna taýýarlanylýan häzirki günlerde paýtagtyň ýaşaýjylary, ajaýyp künjekleri we medeni ýadygärlikleri hakynda ençeme gyzykly maglumatlar peýda bolýar. Bu geň däldir. Ýaşynyň uly däldigine garamazdan, biziň ýurdumyzyň paýtagty köki asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän taryhy wakalara baýdyr. Şäheriň ykbaly ony döredýän adamlar bilen aýrylmaz baglydyr. Biziň hekaýatymyzyň baş gahrymany, ykbalyň erki bilen ömrüni Türkmenistana baglan – Tatýana Lapşina özüniň indi üç arka aşgabatl...
SAGDYNLYK, SPORT, DÄPLER: MAKSATLAÝYN SERGINIŇ EKSPONATLARY NÄME HAKDA GÜRRÜŇ BERÝÄR
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty Muzeýinde açylan sergi 7-nji aprelde, ýagny 1948-nji ýylda Saglygy goraýşyň Bütindünýä guramasynyň döredilen gününde bellenýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanýar. Sergi çeper suratlardan, amaly-haşam sungatyndan we fotosuratlardan ybarat. Sungat muşdaklaryna milli suratkeşlik mekdebiniň ussatlary: Pawel Korolewiň «Professor Sary Karanow», Nyýazmyrat Dowodowyň «Oba hassahanasy» we «Professor Aýsoltan Mämmetgulyýewa» ýaly eserlerini we beýleki halypalaryň...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek...
MIRZIÝOÝEW WE ZARIF ÖZBEGISTAN-TÜRKMENISTAN-EÝRAN-OMAN ULAG GEÇELGESINI ÖSDÜRMEGI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Özbegistan Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesini ösdürmek üçin Eýranyň portlaryny peýdalanmagyň wajyplygyny belleýär. Bu hakda RIA Nowosti Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Metbugat gullugynyň maglumatynda duşenbe güni Şawkat Mirziýoýewiň Daşkent şäherine iş saparyna baran Eýranyň daşary işler ministri Muhammmed Jawad Zarifi kabul edenligi aýdylýar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we gelejeginiň meselesine seretdiler....
ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝA AKADEMIÝASY ÝAŞLARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIK GEÇIRÝÄR
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi «Öňüni alyş ilçisi» halkara ýaşlar bäsleşigini yglan edýär. Öňüni alyş diplomatiýasy Akademiýasynyň taslamasynyň çäklerinde guralýan bu bäsleşige gatnaşmak Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň 18-den 29-ýaşa çenli raýatlaryna öňüni alyş diplomatiýasy, medeniýetara kommunikasiýa, liderlik häsiýetini we jemgyýetçilik çykyşlarynyň endiklerini ösdürmek boýunça onlaýnl-türg...
IGOR BABUŞKIN: KÖPTARAPLY HYZMATDAŞLYGYŇ MUNDAN BEÝLÄKDE ÜSTÜNLIKLI ÖSDÜRILJEKDIGINE YNANÝARYN
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Astrahan welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň biziň sebitimize koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde beren kömegi üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Siziň Astrahan welaýatyna ýene-de muzdsuz esasda ýokary hilli türkmen harytlaryny ibermek baradaky çözgüdiňiz Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky mizemez dos...
AŞGABADA HAJ WE DIN IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY OWGAN WEKILIÝETI GELDI
Şu gün, 6-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Haliminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap geçdiler. Ministr Mohammed Kasim Halimi ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli köpsanly taslamalarda öz b...