SOŇKY HABARLAR
BMG EKOULGAMY DIKELTMEGIŇ ONÝYLLGYNY YGLAN ETDI
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-2030-njy ýyllary Ekoulgamy dikeltmegiň on ýyllgy diýip yglan etdi. BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝuNEP) hem-de BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) howandarlygynda geçirilýän Ekoulgamy dikeltmegiň onýyllygy – bu adamlaryň we tebigatyň hatyrasyna tutuş dünýäde ekoulgamy goramaga hem-de dikeltmäge çagyryşdyr. Çäre ählumumy maksatlara ýetmek üçin adamlaryň aglabasynyň tagallaryny birlşedirmäge gönükdirilendir. Diňe ek...
DAŞKY GURŞAWY WE SUW GORLARYNY DOLANDYRMAK BOÝUNÇA ONLAÝN-OKUWLARA GATNAŞMAK ÜÇIN ARZALAR KABUL EDILÝÄR
Türkmenistanyň raýatlary Drezdeniň Tehniki uniwersitetiniň daşky gurşawy we suw gorlaryny dolandyrmak hünärini kämilleşdirmek boýunça kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşyp bilerler. Bu sapaklar 2030-nji ýyla çenli Gün tertibini we Howanyň üýtgemegi boýunça ähliumumy Pariž ylalaşygyny goldamak ugrunda Germaniýanyň daşky gurşaw, tebigaty goramak we ýadro howpsuzlygy Federal Ministrliginiň hemaýatkärliginde geçirilýär. Olara döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, alymlaryň, şeýle-de jemgyýetçilik guram...
GOŞA BAÝRAM — GOŞA TOÝ
Şu gün Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde guralan dabaralarynyň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaýyň baş baýraga eýe bolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça gaýduwsyz, wepadar Akhan “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä mynasyp...
YGTYBARLY IMMUNIZASIÝA ULGAMY ADAMLARYŇ SAGLYGYNYŇ KEPILIDIR
Köp ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 26-njy aprelden 2-nji maýa çenli aralykda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Çäräniň maksady sanjym arkaly öňüni alşyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan, immunizasiýa babatda sowatly hem-de ynamly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr. Immunizasiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň m...
“ÝYLYŇ TÜRKMEN EDERMEN ALABAÝY” HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ WE UGURDAŞ DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ NETIJELERI DABARALY ÝAGDAÝDA JEMLENILDI
Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze binalar toplumynda ilkinji gezek köpöwüşginli baýramçylyk çäresi — “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de türkmen alabaýynyň hormatyna guralan döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşikler ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli mirasy hem-de buýsanjy bolan itleriň bu meşhur tohumyny mundan beýläk-de wagyz etmek maksady bilen, hormatl...
EMIL ESENOW: TÜRKMEN SEÝSMOLOGIÝASYNYŇ AKSAKALY
Türkmen seýsmolog alymlary dünýä ylmyna mynayp goşant goşdular. Şolaryň biri-de biziň ildeşimiz, Aşgabatda eneden doglan Emil Magtymowiç Esenowdyr. Tutanýerliligi we zähmetsöýerligi bilen köpleri haýran galdyrýan goja alym garrylyk müçesine barandygyna garamazdan, häzirem ömrüni bagyşlan kärinde işlemegini dowam edýär. Üç aý mundan ozal Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň seýsmikidurnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň (SGYBI) işgärleri öz kärdeşleri - ylmy bölümiň baş ylm...
TÜRKMENISTAN RUSSIÝANYŇ WE EÝRANYŇ ARASYNDA SYNAG ÝÜK DAŞALŞYNA GATNAŞYP BILER
Russiýa (Astrahan porty) bilen Eýranyň arasynda konteýner gatnawy synag ediler. Bu barada «Особая экономическая зона «ЛОТОС» PJ-nyň habarlar, analitika we PR bölüminiň ýolbaşçysy Tatýana Karimowa «Halkara import we eksport güni » sergi-forumynyň çäklerinde aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu taslamany durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň hem işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. «Synag ýük daşajak gämi saýlanyldy. Häzirlikçe ýükler diňe Astrahan portunda işlenilýär. Geljekde beýleki Hazarýaka ýurtl...