SOŇKY HABARLAR
ALBUKERKE ŞÄHERINDE 25-NJI MAÝYŇ «DOGAN ŞÄHER AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygynyň bellenýän gününi, ýagny 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde «Dogan şäher Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirildi. Bu çäre Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy. Tegelek stola Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institut...
TÜRKMENISTAN ÝEWRAZIÝA PATENT GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRÝÄR
Şu gün, 2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Saule Tlewlesowa bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewraziýa patent guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň ÝPG-niň işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolup durýandygy we bu guramanyň esasy resminamasyna – Ýewraziýa Patent Konwens...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XX HALKARA SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisi öz işine başlady. Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan halkara ähmiýetli bu çäre türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanandyr. Köpugurly serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Milli Geňeşiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň köpsanly jemgyý...
TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SEBITLERI BILEN ÖZARA HEREKETLERINI IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
Şu gün, 23-nji maýda türkmen paýtagtynda Türkmenistana sapar bilen gelen Sankt-Peterburgyň Daşary aragatnaşyklar Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew we «Wozroždeniýe» Taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň» ýolbaşçysy I.Bukato bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdylar. Işjeň ge...
PRESENTATION OF THE BOOK OF THE PRESIDENT OF TURKMENISTAN “ASHGABAT - THE WHITE CITY” IN RUSSIAN
On the 22nd of May 2021, the presentation of the new book of the President of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov “Ashgabat - The White City” published in Russian language was held in the Institute of International Relations of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan. The event was held upon the initiative of Embassy of the Russian Federation in Turkmenistan. The Presentation was attended by the rectors, faculty members and students of the intuitions of higher education of the coun...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 22-nji maýda Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda medeni-ynsanperwer ugurly...
“TÜRKMENISTAN-ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ ÇÄKLERINDE ÖŇDEBARYJY AMERIKAN KOMPANIÝALARYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYKLAR
Şu gün, 21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuard hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň, hususan-da “S2 Global/Rapiscan”, “Visa”, “Westport Trading Ltd” we “Boeing” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan...