RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Awg

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN HABAR

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Türkmenistan halkara energetika hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, nebitgaz ulgamynda dürli döwletler bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly iberilmegini, bu işleriň dowamynda gatnaşyjylaryň ählsiniň – energiýany öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň...

DOWAMY
pic
8 Awg

NIDERLANDLARYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK BARADA

Şu gün, 2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistanda öz işini tamamlaýan Niderlandlaryň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andre Karstens bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomata türkmen-niderlandlar gatnaşyklaryny ösdürmekde goşan şahsy goşandy üçin hoşallygyny bildirdi. Gepleşikleriň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp gün tertibi, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşdäki we halkara düzümler...

DOWAMY
pic
7 Awg

PRIORITY POSITIONS OF TURKMENISTAN AT THE 78TH SESSION OF THE UN GENERAL ASSEMBLY

Preamble Turkmenistan views the current 78th session of the United Nations General Assembly as a period requiring all Member States to demonstrate the highest responsibility and foresight. The situation in the world, characterized by the escalation of military and political confrontation, the spread of conflict potential, the creation of new threats and challenges and an obvious crisis of confidence, is undermining the foundations of the global architecture of inter-State relations and the es...

DOWAMY
pic
5 Awg

TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ SAMMITINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA METBUGAT BEÝANATY

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde metbugat maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sammite gatnaşýan üç ýurduň metbugat wekilleri gatn...

DOWAMY
pic
5 Awg

TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ÜÇTARAPLAÝYN SAMMITI

4 awgustda Aşgabadyň “Arkadag” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sammiti açmak bilen, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn görnüşdäki ilkinji duşuşygynyň biziň hyzmatdaşlygymyzyň mazmunyna laýyk gelýän we onuň yzygider...

DOWAMY
pic
4 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÄJIGISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda paýtagtymyzyň «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar. Iki dostlukly döwletiň Prezidentleri geçi...

DOWAMY
pic
4 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda paýtagtymyzyň «Arkadag» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar. Iki goňşy döwletiň Prezidentleri geçirilj...

DOWAMY