KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerine esaslanyp Türkmenistan şu ýylyň aprelinde ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar.

Ynsanperwer kömeginiň düzümi derman serişdelerinden we Türkmenistanyň beýleki lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar.