HORMATLY PREZIDENTIMIZ DÖRDÜNJI AZIÝA - ÝUWAŞ UMMAN SUW SAMMITINE GATNAŞDY

23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa - Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy.

Bu duşuşyk köptaraplaýyn pikir alyşmak, suw meselesini ara alyp maslahatlaşyp hem-de hyzmatdaşlyk edip, bu möhüm ulgamda täzeçil pikirlere we nou-haulara badalga bermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Kumamoto şäherindäki nobatdaky sammitiň esasy meselesi “Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribeler we geljekki nesil” diýen ugra bagyşlanyp, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, dürli ýurtlaryňdyr sebitiň iri halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekillerini bir ýere jemledi.

Üçünji Suw sammitinde kabul edilip, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen Ýangon Jarnamasynyň tekliplerini durmuşa geçirmegiň ugurlary hem-de suw serişdeleri bilen baglanyşykly dürli meseleler forumyň gün tertibine girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu sammite gatnaşmaga çagyrylmagy suw serişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler bilen gönüden-göni bagly bolan wezipeleri çözmekde gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýan Türkmenistanyň belent abraýyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Dabaranyň başynda ýygnananlaryň öňünde sammitiň guramaçylary hem-de ony kabul edýän ýurduň wekilleri çykyş etdiler. Soňra ýokary wezipeli myhmanlaryň çykyşlaryna orun berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrine we sebitiň döwlet Baştutanlaryna ýüzlenip, ilki bilen, sammite çagyrandygy we onuň üstünlikli geçmegi babatda döredilen şertler üçin Onuň Alyhezreti, Ýaponiýanyň Premýer-ministri jenap Fumio Kisidä, ýurduň Hökümetine hem-de Aziýa - Ýuwaş umman Suw forumynyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan bu sammitiň gün tertibine girizilen maksatlary we wezipeleri doly goldaýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de onuň jemleri boýunça kabul ediljek Jarnamanyň mundan beýläk-de maksada gönükdirilen, anyk halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas boljakdygyna, häzirki ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, uzak möhletli ugurlary kesgitlemäge şert döretjekdigine, bu ugurda sebit hem-de ählumumy ösüş meýilnamalary bilen suwdan peýdalanmagyň milli maksatnamalaryny utgaşdyrmak boýunça innowasion nusgalary we dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda foruma gatnaşyjylaryň ählisine netijeli işlemegi arzuw etdi.