AŞGABATDA TÜRKMEN-GAZAK HEREKETLERINI ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda alnyp barylýan özara hereketleriniň soňky ýyllarda täze derejä çykarylandygy hem-de mazmun taýdan baýlaşdyrylandygy bellenilip geçildi. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli häsiýetini nygtamak bilen, olaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna itergi berýändigi beýan edildi.

Şu nukdaýnazardan, söwda, oba hojalygy we daşky gurşawyň goragy, bilim we ylym, maglumat we tehnologiki alyş-çalyş, şonuň ýaly-da ileri tutulýan beýleki ugurlardaky özara hereketleriň has hem giňeldilmegine gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň ähmiýetli mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, ýangyç-energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan hem Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň çekilmegi arkaly halkara we sebit derejesindäki awtoulag, demir ýol hem-de deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine ähmiýet berildi.

Şonuň ýaly hem, S.Berdimuhamedow we R.Sklýar türkmen-gazak özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine hem aýratyn üns berdiler.