img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
FRANSUZ RESPUBLIKASY - PARIŽ
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ONLAÝN-DUŞUŞYKDA GÄMI GURLUŞYGY ULGAMYNDA TÜRKMEN-RUSSIÝA HYZMATDAŞLYGYNYŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

photo

Wideomaslahat aragatnaşygy arkaly «Türkmendenizderýaýollary» Agentliginiň we «Ак барс» Gämigurluşyk korporaisýasy PJ-nyň (Russiýa Federasiýasy) ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy.

Duşuşykda taraplar özara gatnaşyklaryň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen ugurdaş hünärmenleriniň hünärini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem «Balkan» gämigurluşyk we gami abatlaýyş zawody» APJ-nyň binýadynda gämileriň dürli görnüşlerini gurmak hem-de abatlamak boýunça taslamalara aýratyn üns berildi.

2020-nji ýylyň noýabrynda Zelenodolskiniň A.M.Gorkiý adyndaky zawodynda gurlan А145Е kysymly ýokary tizlikli ýolagçy teplohodynyň Türkmenbaşy portuna ugradylandygyny ýatladýarys. Ol türkmen tarapynyň tabşyrygy bilen Zelenodolskide gurlan ýokary tizlikli ikinji gämi boldy.