DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de welaýatlaryň iri kitaphanalarynyň wekilleri wideomaslahat görnüşinde geçirilýän «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» atly iki günlük halkara foruma gatnaşdylar. Çäre Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna hem-de kitaphana işiniň iň oňat tejribesi we GDA ýurtlarynyň kitaphanalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi bilen tanyşdyrmaga bagyşlanyldy.
Onlaýn forumyň çäklerinde “Iň oňat amalyýetçiler — 2020 we ugurlar — 2021” diýen bilermenleriň derejesindäki mejlisde GDA agza döwletleriň kitaphanalarynyň ýolbaşçylary duşuşdylar.
Türkmenistanda kitaphana işiniň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns merkezinde durýandygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny we häzirki döwürdäki üstünliklerini wagyz etmäge, türkmenistanlylaryň aň-paýhas taýdan ösmegine hem-de watançylyk taýdan terbiýelenmegine ýardam berýän milli ruhy mirasymyzy saklaýan ylym-bilim we medeni merkezler hökmünde kitaphanalaryň eýeleýän ornuny yzygiderli belleýär.
Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, elektron kitaphanalaryň maglumat binýadynyň we gaznalarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen işler işjeňleşdirilýär, olaryň sanly ulgamda hödürleýän hyzmatlarynyň gerimi ep-esli giňelýär.
Häzir Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda kitaphanalaryň 230-sy bar. Bilim ministrliginiň ulgamynda, Ylymlar akademiýasynda, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kitaphanalaryň köp bölegi jemlenendir. Ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň kitaphanalarynyň kitap gaznalary yzygiderli artýar.
Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy ýurdumyz baradaky arhiw gaznalarynyň saklanýan ajaýyp ýeridir. Bu ýerde golýazmalar we şahyrana diwanlar, astronomiýa, himiýa, lukmançylyga bagyşlanan gadymy ýazuw ýadygärlikleri we beýlekiler aýawly saklanylýar.
Ýurdumyzyň baş kitaphanasy halkara kitap alyş-çalyşmalaryny işjeň amala aşyryp, dünýäniň dürli ýurtlarynyň guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kitaphana ulgamynda esasy usulyýet merkezi bolan bu ýerde okuw maslahatlary, sergiler hem-de döredijilik işgärleri bilen duşuşyklar guralýar.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygynyň belleniljekdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar şu mynasybetli meýilleşdirilen çäreler bilen tanyşdyryldy we şolara gatnaşmaga çagyryldy.
12-nji martda «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» diýen halkara maslahatynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynyň işi barada çykyşlar diňleniler. “2020-nji ýylyň wehimleri: Arkalaşygyň kitaphana jemgyýetçiligine degişli meseleler” diýen at bilen meýilleşdirilen pikir alyşmalarda çäklendirilen çäreleriň şertlerinde kitaphanalaryň işleri we ilkinji nobatdaky wezipeleriň çözülişi ara alnyp maslahatlaşylar.