DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR

Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti göni wideoaragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän “GDA-30” sergisine gatnaşdy.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň wekilleri ýörite elektron enjamda wirtual diwarlyklaryny görkezdiler. Şolarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, umuman, internet-köpçüligi Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ähli ulgamlarda gazanylan beýik üstünlikler, bar bolan uly eksport kuwwatymyz hem-de uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler bilen tanyşdyrylýar.
Wideoşekillerde Türkmenistanda çykarylan senagat, azyk we hojalyk harytlary, dokma, mebel önümleri, elektron enjamlar, häzirki zamanyň durmuş tehnikalary we beýlekiler barada gürrüň berilýär.
Sergi ýurdumyzyň halkara hil ölçeglerine kybap gelýän dürli görnüşli önümleri öndürýän işewür toparlaryň barha artýan eksport kuwwaty bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.
Diwarlyklaryň we umumy elýeterli elektron serişdeleriň kömegi bilen bütindünýä torunda Watanymyzyň üstünlikleriniň görkezilmegi uzak aralykdaky ulanyjylara ol ýa-da beýleki pudak barada özlerini gyzyklandyrýan hemme maglumatlary gije-gündiziň dowamynda almak bilen birlikde, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen göni habarlaşmaga hem mümkinçilik berýär.
GDA-EKSPO/CIS EXPO diýen market-pleýs kompaniýalar, harytlar baradaky wideogörnüşleri hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň sergä gatnaşyjylarynyň wirtual ýagdaýda hödürleýän hyzmatlarynyň degişli ugurlaryny beýan edýän ulgam hökmünde işleýär.
Şeýle hem şu gün Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda göni wideoaragatnaşyk arkaly türkmen wekiliýeti GDA-nyň Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän “Dünýäniň özakymlylyk ýagdaýlary” diýen syýahatçylyk kongresine gatnaşdylar. Onlaýn duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar milli ykdysadyýetleri pugtalandyrmak we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin dünýä syýahatçylygynyň eýeleýän ägirt uly ornuny göz öňünde tutup, ony ösdürmegiň zerurdygyna halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilen forumyň örän möhümdigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” we oňyn hyzmatdaşlyk syýasaty, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasynyň we mähriban Diýarymyzyň täsin tebigatynyň bolmagy milli syýahatçylyk ulgamynda okgunly ösüşe itergi berýär. Syýahatçylyk pudagyndaky meseleleri düzgünleşdirýän hukuk namalarynyň kabul edilmegi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda kaşaň myhmanhana toplumlarynyň gurulmagy ýurdumyzyň dünýäniň syýahatçylyk bazarynda eýeleýän ornuny berkitmeginiň kuwwatly şertine öwrüldi.
Onlaýn mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, syýahatçylyk ulgamyna işewürligiň işjeň çekilmegi hyzmatlaryň eksportunyň artmagyna ýardam berýär, bu pudagy dolandyrmagyň we sanly ulgam arkaly ösdürmegiň giňeldilmegi bolsa oňa diwersifikasiýa üçin täze itergi berip, Türkmenistanyň syýahatçylyk desgalarynyň hem-de ugurlarynyň ählisi barada maglumatlara halkara jemgyýetçiligiň giň elýeterliligini üpjün eder.
Kongrese gatnaşyjylar syýahatçylygyň ägirt uly durmuş, medeni we ykdysady ähmiýetini belläp, koronawirus pandemiýasy tamamlanandan we döwletara serhetler açylandan soň ýokary düşewüntli bu ugry wagyz etmek, täzeden dikeltmek hem-de has-da depginli ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.