ÖSÝÄN TALAPLARA LAÝYK

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Hilal» hususy kärhanasy Daşoguz şäherinde mebel önümlerini we demir önümleriň käbir görnüşlerini öndürýän täze karhana gurar. Döwlet makstanamasynda göz öňünde tutulan bu önümçilik Zaman köçesinde iki gektar meýdanda ýerleşer. Onuň düzüminde önümçilik şehi we tehniki ähmiýetli gerekli binalar bolar. Kärhana 200 adamy iş bilen üpjün eder we ýylda iki müňe golaý önüm gurnamalaryny çykarar. Ony ýokary tehnologiýaly, şol sanda «Hilal» HK-nyň häzirki sehindäki enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Binanyň guruljak ýerine gerekli gurluşyk serişdeleri getirilip başlandy.

«Hilal» hususy kärhanasy demirgazyk sebitiň iň baýry hususy düzümleriniň biridir. Ol ýokary hilli agaç we demir işikleri, dürli ähmiýetli mebelleri hem-de plastik penjireleri çykarmaga ýörüteleşen. Ýyllarboýy toplanan tejribe kärhananyň hünärmenlerine gysga wagtda has uly möçberde we giň görnüşde önüm çykarylyşyny ýola goýmaga mümkinçilik berer, munuň özi şäherde ýaşaýyş jaý gurluşygynyň depgininiň yzygiderli ýokarlanmagy jähtinden zerurdyr.