HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI BILEN ADA UNIWERSITETINIŇ ARASYNDA WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MASLAHAT GEÇIRILDI

photo

2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Azerbaýjanyň diplomatik akademiýasynyň arasynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanyp guralan wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Onlaýn görnüşinde geçen maslahatyň auditoriýasynyň esasyny, iki ýokary okuw mekdebiniň dürli fakultetleriniň talyplary hem-de professor mugallymlary düzdüler.

Türkmen tarapynyň wekilleri öz çykyşlaryny Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň taryhyna, hemişelik, oňyn Bitaraplygyň 25 ýylynyň içinde ýurduň daşary syýasatynyň gazananlaryna we bitaraplygyň türkmen nusgasynyň halkara derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki oňyn häsiýetiniň ähmiýetine bagyşladylar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri azerbaýjan kärdeşlerini Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar.

ADA uniwersitetiniň prorektory jenap Fariz Ismailzade türkmen kärdeşlerini ýetip gelýän Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25-ýyllygy bilen gutlady we biziň döwletimiziň sebitde we onuň daşynda parahatçylygy üpjün etmekdäki ornuny belledi.

Maslahatyň ahyrynda iki uniwersitetiň wekilleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.