«МIR» DÖWLETARA TELERADIOKOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara hereketleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çykyşlarynyň barşynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen maglumat ulgamyndaky özaragatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň ähmiýetini yzygiderli nygtaýandygy bellenilip geçildi.

Türkmen tarapy «MIR» DTRK-ni ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy ugrunda möhüm wezipäni durmuşa geçirýän köp millionly auditoriýasy bolan teleradioýaýlyma göýberiş guramalarynyň biri hökmünde kabul edýändir.    

Taraplar Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň arasyndaky iş ýüzündäki özara hereketleriň depginini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we  «Mir» DTRK-niň arasynda maglumat syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, şeýle-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Bu resminamalara gol çekilmegi ýaýlyma göýberlişi dünýäniň onlarça ýurduny gurşap alýan «Mir» DTRK-niň serişdelerinde täzelikleriň hem-de maglumat analitiki materiallaryň ýerleşdirilmegi arkaly türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginde möhüm ädim bolup durýandyr.