TUNISIŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANYŇ BAŞTUTANYNA HATYNDA GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMÄGE ISLEG BILDIRILÝÄR

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt baradaky, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňiz bilen ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklaryny hem-de doganlyk halklarymyzyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk boýunça bilelikde işlemäge taýýardygymy tassyklaýaryn.

Kais SAID,
Tunis Respublikasynyň Prezidenti.