«ALTYN ASYR» TOPARY — FUTBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ NAÝBAŞY KUBOGYNYŇ ALTY GEZEK EÝESI

Şu gün paýtagtymyzyň köpugurly «Aşgabat» stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň 2020-nji ýylda Naýbaşy kubogyny almak ugrunda Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň we “Ahal” toparynyň arasynda bäsleşik geçirildi.

Duşuşygyň 68-nji minudynda «Ahalyň» ýarym goragçysy Gurban Annaýew hasaby açdy. Emma, birnäçe minutdan soňra, «Altyn asyryň» futbolçylary hasaby deňlediler, bu hasap oýun tamamlanýança üýtgemedi. Goşmaça wagtda hem hasap üýtgemedi we eminler topary 1:1 deňme-deň hasapdan soň, 11 metrlik urgulary geçirmegi karar etdiler.

11 metrlik urgulary ýerine ýetirmekde iki toparyň futbolçylary hem ýokary ussatlyk görkezdiler, emma «Ahal» toparynyň goragçysy Serdar Annaorazowyň ýalňyşy bu toparyň bäsdeşine ýeňiş getirdi.

Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary on bir metrlik urgularyň jemleri boýunça 5:4 hasabynda ýeňiş gazanyp, futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna altynjy gezek mynasyp boldy. Bu toparyň futbolçylary bu hormatly sport baýragyny 2015-nji ýyldan bäri yzygiderli eýeläp gelýärler.

Milli futbol federasiýasy tarapyndan döredilen Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda bäsleşikler ýurdumyzyň çempionynyň hem-de Kubogyň eýesi bolan toparyň arasynda geçirilýär. Geçen ýylda «Altyn asyr» topary çempion hem-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolupdy. Şol sebäpli hem bu gezek Naýbaşy kubok ugrundaky bäsleşigi ýurdumyzyň çempionynyň hem-de milli birinjilikde ikinji orny eýelän toparyň arasynda geçirmeli boldy.