TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “ARETI” HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýanyndaky hünärmen-bilermeni, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi baş döwlet baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen gutlap, türkmenistanlylaryň ählisine bagt, abadançylyk, ýurdumyzyň öňegidişligiň we gülläp ösüşiň ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe ilerlemegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz belli kompaniýanyň ýolbaşçysy bilen salamlaşyp, “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli işewür toparlary bilen uzak möhletleýin, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändigini belledi.

«ARETI» kompaniýasy bilen netijeli köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýanyň milli taslamalary durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyna ünsi çekip, ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmäge uly üns berýän Türkmenistanyň häzirki zaman tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we dürli pudaklarda, şol sanda ýangyç-energetika, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda bilelikde toplanan tejribe bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.

Işewür döwlet Baştutanymyza ýerine ýetirilýän işler, şol sanda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Igor Makarow ýolbaşçylyk edýän holdinginiň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine, ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşjakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy hökmünde myhman ýaryşlaryň üstünlikli guralmagy üçin hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini aýdyp, dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçiriljekdigine hem-de ýatda galyjy boljakdygyna ynam bildirdi.

I.Makarow Türkmenistanda doguldy we ösüp ulaldy. Onuň belleýşi ýaly, bu ýerleriniň ajaýyp tebigaty, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigaty goramak boýunça alyp barýan syýasaty we onuň häzirki zaman ýol-ulag düzümi hem-de howa şertleri ýylyň bütin dowamynda açyk howada tanymal türgenleriň gatnaşmagynda ussatlyk okuwlaryny, halkara derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi, aýratyn hem, oňa döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gatnaşmagy Türkmenistanyň sagdynlygyň we sportuň ýurdy hökmündäki abraýyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bu gün sport türkmenistanlylaryň müňlerçesi üçin diňe bir sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek bolman, eýsem, täze belentliklere tarap maksada okgunlylygyň nyşanydyr. Şonuň üçin hem Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar.

«ARETI-niň» ýolbaşçysy ýurdumyzda ähmiýeti we möçberi babatda deňi-taýy bolmadyk özgertmelere tüýs ýürekden buýsanjyny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, Garaşsyz Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.